Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen gyzyklanyp, özüne çekiji ajaýyp Awaza, seleň- seýranly Sünt-Hasar dagy, keramatly Köýtendagy ýaly, gözel ülkämiziň baý tebigatynyň gül görküne, dört müň ýyllyk geçmişli Marguşdyr Gäwürgala, Abiwertdir Nusaý, Dehistandyr Köneürgenç kimin, gadymyýetiň ýaňy ýaňlanýan şäher-galalara gezelenje gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany gün-günden köpelýär. Bir sapar şeýle syýahatçylaryň toparynda gezelenje ýanýoldaşy bilen gelen gelin, daşary ýurtda moda eşikleri biçip-tikip, satuwa çykarýan telekeçi eken. Ol ajap keşdeli, owadan nagyşly milli lybaslarymyzyň ýanynda aýak çekdi. Alyjy bilen satyjy gelin keşdeler, nagyşlar, owadan şaý-sepler barada biri iňlis dilinde, beýlekisi bolsa, türkmen dilinde gürleşse-de, geň göräýmeli dilmaçsyz düşünişdiler. Iki zenan köne tanyşlar ýaly bolup, ümleşdiler-de, germelgi tutynyň aňyrsyna geçdiler. Birsellemdenem bozgunç ysly, toý ketenili, gözüňi gidirýän gyzyl kürteli, sary mazy ýaly, zenan orta çykdy. Syýahatçylar «Brawo, brawo» diýşip, surata düşürmek üçin telefonlaryna ýapyşanlarynda, gelniň ýanýoldaşam gyrmyzy don bilen ak silkme telpekli çykyp, gelnini gujaklady welin, tutuş topar şowhun bilen el çarpdy. Mahabatly sözler garym-gatym ýaňlandy. Satyjy zenan bolsa, şol bir agraslygyny saklap: «Öýi bişek (sallançak), ynsany eşik bezeýär» — diýdi.
Ýolbelet dilmaç, tagtabazarly Eziz Aşyryň terjimesinden soň, tutuş toparyň nazarynda türkmen zenanyna hormat, sylag, sarpa duýuldy. Men bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eli çeper gyz-gelinlerimiziň milli lybaslarymyzyň durkuny, görküni ýitirmän has-da gözelleşdirip, kämilleşdirip agraslygyň, näzikligiň ajap nusgasyny görkezişine guwanyp, buýsanyp, şahyr aýtmyşlaýyn, «Belentden garaýyn ýeriň ýüzüne» diýip, bir gez beýgelen ýaly boldum.
Döwletmyrat Jumadurdyýew.








