Ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergi zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de muzeýiň bilelikde guramagynda “Bedew batly Garaşsyz, Bitarap Watan” atly serginiň açylyş dabarasy boldy. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly, at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli guralan sergä ýaşuly nesliň wekilleri, kitaphanaçylar, muzeýiň işgärleri, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de welaýat, şäher, etrap zenanlar bölümleriniň işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada täsirli çykyşlara giň orun berlip, onda muzeýiň işgärleri sergide ýerleşdirilen eksponatlar dogrusynda gürrüň etdiler. Mundan başgada, çykyş edenler üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagynda uly ähmiýetiň bardygy, ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünliklere ýetilýändigi barada durup geçdiler.
Kakajan TÄÇGULYÝEW.








