Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär.
Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler.
Mähri TOÝLYÝEWA.








