Gazanany bezenenine ýetmezlik — ýerliksiz harçlamak, ýet-de-güt-de ýaşamak, kör güzeran bolmak.
Gazap atyna atlanmak (münmek) — gazaba münmek.
Gazap ody — joşan, möwç uran gahar-gazap.
Gazygynda garrasyn — başdaşyndan aýrylmasyn, baran ýigidi bilen ömürlik ýaşasyn, nika pozulmasyn (täze edinilen gelin hakda).
Gazykdan ýöretme — bilimsiz, zehinsiz, nadan, ukypsyz, kütek.
Gazyk (agaç) ýuwdan ýaly bolup durmak — gazyk ýaly bolup (somalyp) durmak.
Gaýnap joşmak (daşmak) — ylhamyň göterilmek, hyjuwyň artmak, soňky hetde gelmek.
Gamza kakmak — gaş kakmak, gözüňi-gaşyňy oýnatmak, näz-kereşme etmek, näz bilen yşarat etmek.
Gamzaň oky — näz-kereşmeli garaýyş.
Gam laýy — çykgynsyz alada, tükenmez gussa.
Gamyny iýmek — ugruna çykmak, çäresini görmek, aladalanmak, aladasyny etmek.
Gamyş ganat — ganat-peri bekemedik, ýaňy uçurym bolan (guşlar hakda).
Ganatyny gyrmak — kuwwatdan gaçyrmak, gurbatdan düşürmek, hereketsiz galdyrmak.
Ganyň gatamak — suwsamak, tebsiremek.
Gaňňaňy garnyňa almak — kesirlik etmek, tersleşmäge meýil etmek, keçlige tutmak, yrsaramak.
Gapy-gapy syrmak — gezende bolmak, ykmanda bolmak.
Gapyl basmak — duýdansyz barmak, güpbasdy etmek.
“Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.








