Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hem ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny goramak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi. Ätiýaçlandyryş diňe bir maliýe ýitgileriniň öwezini dolmak bilen çäklenmän, eýsem, raýatlarda geljege bolan ynamy hem berkidýär. Tebigy hadysalary, dürli betbagtçylyklar ýa-da beýleki garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli ýüze çykýan ýitgileri ätiýaçlandyryş arkaly belli bir derejede öwezini dolup bilýär.
Sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň elektron görnüşde ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döreýär. Internet arkaly maglumat almak, ätiýaçlandyryş hyzmatlary bilen tanyşmak, degişli hyzmatlardan onlaýn arkaly peýdalanmak we resminamalary elektron görnüşde taýýarlamak raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga hem-de hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga şert döretdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hilini, tizligini we elýeterliligini has-da ýokarlandyrmak üçin hem täze mümkinçilikler döredilýär. Geljekde hem ätiýaçlandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ykdysady howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün edýän möhüm ulgamlaryň biri bolup ýardam eder.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy ugrunda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Jumagözel REJEPDURDYÝEWA.








