Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna itergi berip, belent sepgitlere eýe bolunýar. Bu ösüş depgini öňdebaryjy pudak bolan gaz senagatynda-da aýdyň duýulýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzda-da tebigy gazyň akymyny artdyrmakda guwançly görkezijiler gazanylýar.
Şeýle bähbitli işlerde awtokärhanamyzyň gazçylarynyň gazanýan zähmet üstünliklerini ýatlamak ýakymlydyr. Sürüjilerimiz Garagum çölüniň dürli ýerlerinde zähmet çekýän gazçylara tehnologik enjamlary, dürli maksatly ýükleri öz wagtynda ýetirmekde tutanýerli zähmet çekýärler.
Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly awtoulaglarynyň, dürli kysymly beýleki tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy öňümizde durýan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem sürüjilerimiz gaz çykaryjylary iş ýerlerine gatnatmakda ýadawsyz alada edýärler.
Awtokärhanamyzda sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugynyň hünärmenleri bilen düşündiriş çärelerini geçirýäris. Bu bolsa ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üns merkezinde saklap, möhüm işleri geçirýäris.
Gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak bilen bagly aladalarymyzam ýerine düşüp, gowy görkezijileriň gazanylmagyna ýardam edýär.
Wepa AKGAJYKOW.








