Üstümizdäki taryhy ýylyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentlik döredýär. Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy. Halk häkimiýetliligiň gadymdan gelýän milli däplerinden we häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp geçirilen bu forum jemgyýetimiziň dürli nesilleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Bu ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi. Çykyşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçdi. Şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abadan geljegine kuwwatly itergi berer.
Jemgyýetimiziň giň wekilçiliginiň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça çözgütler kabul edilip, wajyp wezipeler öňde goýuldy.
Gülşat REJEPOWA.








