Ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň ýaryşlary dowam edýär. Ýelden ýüwrük bedewleriň arasynda dürli aralyklara guralan ýaryşlar bedew janköýerlerini bir ýere jemleýär. Hoş owazly aýdym-sazlar şatlykly pursatlara aýratyn äheň berýär. Welaýat merkeziniň atçylyk sport toplumy hem geçen ýekşenbede köp adamly boldy.
Ilkinji çapyşykda bir müň metr aralyga çapan ikiýaşar atlaryň arasyndan Tarlaň atly dor at öňe saýlandy. Mary döwlet athanasyna degişli, K.Garýagdyýewiň seýislän, B.Sähedowyň çapan bu aty pellehana 1 minut 8,38 sekuntda gelip, özüniň ýyndamlygyny görkezdi.
Bir müň metr aralykda güýç synanyşan ikiýaşar bedewleriň ikinji çapyşygy hem gyzykly boldy. Bu gezek 1 minut 11, 60 sekunt wagt bilen Mary welaýat athanasyna degişli Garadaş atly gara dor at ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi K.Garýagdyýew, çapyksuwary G.Handurdyýewdir.
Üçýaşar atlar bir müň dört ýüz metr aralykda ýaryşyp, Ý.Ilamanowyň hojalygyna degişli Keýmir atly gurt mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 39,82 sekuntda geçip, üçünji çapyşygyň ýeňijisi boldy.
Dördünji çapyşyk hem üçýaşar atlaryň arasynda bir müň dört ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Şamyradowyň hojalygyna degişli Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 34,13 sekuntda gelmegi başardy we ýeňiji boldy. Bu aty seýislän D.Amandurdyýew, çapyksuwarlyk eden G.Ýazberdiýew.
Tolgundyryjy we çekeleşikli geçen bäşinji çapyşyk dört we uly ýaşar atlaryň arasynda bir müň sekiz ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden Toýçy atly mele aty R.Läliýewiň hojalyk aty bolup, ol bellenilen aralygy 2 minut 3,26 sekuntda geçdi. Bu at öz janköýerlerini begendirip, bäşinji çapyşygyň ýeňijisi boldy.
Şatlykly pursatlara beslenip geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapyldy, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabara bilen gowşuryldy.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








