Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary bilen ýurdumyzda telekeçilik başlangyçlarynyň giň gerimde ösdürilmegi netijesinde ilatymyzy guş eti bilen üpjün etmek işlerine aýratyn üns berilýär.Guş toplumlarynda idedilýän towuklaryň baş sanyny artdyrmakda,halkymyzyň guş etine isleglerini kanagatlandyrmakda Baýramaly etrabynyň çägindäki “Ýaşyl ýaz” hojalyk jemgyýetiniň işçilerem uly işleri durmuşa geçirýärler.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ýaşyl ýaz” hojalyk jemgyýetiniň guşgulyk toplumy häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ýataklar we degişli enjamlar bilen üpjün edilip,ol ýylyň dowamynda 8 million sany ýumurtga we bir müň tonna guş etini öndürmäge niýetlenipdir.Bu toplumyň ýumurtga öndürýän bölüminde towuklaryň 50 müňüne göwnejaý ideg edilip,olardan ýumurtga almak işlerine guramaçylykly alnyp barylýar.Toplumyň enelik towuklar saklanýan bölüminde hem işler sazlaşykly ýola goýulýar.Enelik towuklaryndan alynýan ýumurtgalar bu bölümde oturdylan inkubatoryň kömegi arkaly işlenip,olardan sagdyn etlik jüýjeler alynýar.Hojalyk jemgyýetiniň işçileriniň yhlasy bilen kadaly we ýyly ýataklarda saklanýan jüýjeler 40-45 günüň dowamynda ýetişdirilýär.Dürli görnüşli ýokumly we witamin goşundyly iýmler bilen baýlaşdyrylyp, belli bir agram derejesine ýetirlen towuklar soňra soýum we gaplaýyş bölümine ugradylýar.Hormatly Prezidentimiziň guş toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak we guşlaryň baş sanyny artdyrmak bilen ilatymyzy ýokary hilli guş eti bilen üpjün etmek barada öňde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýän “Ýaşyl ýaz” hojalyk jemgyýetiniň işewür telekeçileri şu günler has-da joşgunly zähmet çekýärler.Bu ýerde guş etini taýýarlamak işlerini tapgyrlaýyn alyp barýarlar.Taýýarlanýan azyklyk guş etiniň hil derejesine toplumyň barlaghana bölüminiň hünärmenleri tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär.Işewür telekeçileriň taýýarlaýan ýokary hilli guş eti “Täze aý” haryt nyşanly ýörite owadan gaplara gaplanylýar. Guşçulyk toplumyny ösdürmek baradaky işlere mynasyp goşant goşýan telekeçiler ýylyň dowamynda öz taýýarlaýan ýumurtga we guş etiniň “Täze aý” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanalaryna hem-de welaýatyň et-süýt söwda kärhanasyna ugratýarlar. Belli bir bölegini bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky ýörite dükanlaryň üsti bilen ilatymyza ýetirýärler. Halkymyzy guş önümleri bilen üpjün etmekde maksada okgunly we netijeli işleri durmuşa geçirýän hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynyň işewür telekeçileri telekeçilik ulgamyny ösdürmekde amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.
Çarymuhammet Saparow.








