Ýakynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda ýylyň şygary mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygymyzyň we parahatçylygymyzyň özeni — Garaşsyzlyk göz guwanjymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrap häkimliginiň we TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, bilim ulgamynyň wekilleri we mährem eneler gatnaşdylar.
Çärede etrabyň Hasyl geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Ogulgerek Şakulyýewa, etrap häkimliginiň bölüm müdiri, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Aýsoltan Ymamgulyýewa, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow çykyş etdiler. Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň syýasy we taryhy ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde bedew batly Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler parahat ýurdumyzda bagtyýar durmuşda ýaşamaga, yhlasly zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar.
Myratly AMANNAÝEW.








