Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen halky ýagşy umyt-arzuwlar bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýyla ynamly gadam basdy.
Elbetde, täze ýylda öňümizde täze, has jogapkärli wezipeler durýar. Şol wezipeler bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegi nazarlaýar. Şol möhüm wezipelerde döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, döwletiň konstitusion gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmak we döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek uly orny eýeleýär. Milli kanunçylygymyzy ösüşli döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde, kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek derwaýys bolup durýar. Täze ýylymyzda-da bular babatda netijeli işleri üstünlikli dowam etdiriljekdigi guwandyrýar.
Gülşat MERGENOWA.








