Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Murgap etrap Zenanlar bölüminiň maslahaty geçirilip, oňa etrabyň ilkinji Zenanlar guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Ýygnagyň gün tertibi boýunça birnäçe meselelere seredilip, onuň dowamynda guramanyň hasabat döwründe edilen işlerine seljerme berildi we derňew toparynyň hasabaty diňlenildi. Şeýle hem bu ýerde Zenanlar guramasynyň etrap bölümleriniň täze düzümi tassyklanyldy. Ýygnaklarda edilen çykyşlarda 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda guramanyň öňünde durýan wezipeler boýunça hem giňişleýin pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan hormat sarpasy, olaryň jemgyýetçilik çärelerine bolan işjeňligini ösdürmekde alnyp barylýan işler dogrusynda-da bu ýerde çykyş edenler aýratyn nygtap geçdiler.
Dursun Ilbegiýewa.








