Ýakynda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen okuw-maslahaty geçirildi.
Okuw-maslahatyna Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleri, welaýat, etrap, şäher, okrug we etrapdaky şäher, şäherçe geňeşlik saýlaw toparlarynyň başlyklary, syýasy partiýalaryň, welaýat, etrap, şäher komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahaty Merkezi saýlaw toparynyň kätibi Amangeldi Annadurdyýew alyp bardy. Okuw-maslahatynda welaýat saýlaw toparynyň başlygy Jennet Halmyradowa, welaýat häkimliginiň wekili Tirkiş Amannaýew çykyş etdiler. Çykyşlarda welaýatymyzda täze döredilen Oguzhan etrabynyň halk maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri we araçäkleri barada giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de, saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine ykjam taýýarlyk görmek hakynda gürrüň edildi.
Aýparça AKYMOWA.








