Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen ili “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýyly ilkinji günlerinden zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýär. Täze ýylymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Aýratynam, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden baýram ediljek uly toýunyň buýsanjy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürmekde bitirilýän işler giň gerime eýe bolýar. Şeýle döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işlere goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Täze ýylyň baýramyny şowhun-şagalaň bilen toýlan il-günümiz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyla gadam basdy. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, etrabymyzyň bazarlarynda we dükanlarynda haryt bolçulygynyň döredilendigi Täze ýyl baýramynyň dabarasyna dabara goşdy. Biz ýaňy başlanan ýylymyzda-da ilata edilýän söwda hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen degerli işleri durmuşa geçirýäris.
Saparmyrat ÇARŞAKOW.








