Türkmen halkynyň arkama-arka dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýän gadymy hem baý sungaty bar. Türkmeniň asyrlarboýy kemala gelen milli aýratynlyklarynyň biri hem gelin-gyzlaryň ýerine ýetirýän el keşdeleridir. Halkymyz gadymdan bäri öz sungatyna sarpa goýup gelýär. Şolaryň arasynda ýüzlerçe ýyllardan bäri däp bolup gelýän iş gelin-gyzlarymyzyň el keşdesidir.
Bu sungat diňe bir owadan nagyşlardan ybarat bolman, eýsem, türkmenleriň dünýägaraýşyny, ruhy mirasyny, ajaýyp ýaşaýyş-durmuş pelsepelerini özünde jemleýär. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsini, edep-terbiýesini we zenan maşgalasynyň ussatlygyny görkezýän örän baý sungat görnüşidir.
El keşdeleri türkmen zenanynyň döredijiliginiň, sabyrlylygynyň we yhlasynyň nyşany bolup, ençeme asyrlardan bäri gymmatyny ýitirmän gelýär. El keşdeleriniň döreýşi gadymy döwürlere uzap gidýär. Gyz maşgalanyň öýde öwrenen el işleri onuň geljekdäki öý-ojagyna taýýarlygyny görkezýär.
Türkmen zenanynyň elinden çykýan her bir nagyş — bu rowaýat, bir pikiriň şekili, bir duýgynyň ýüze çykmasydyr. Keşdeler gelin-gyzlaryň ukybynyň we çeperçiliginiň nyşanydyr, maşgala medeniýetiniň dowamydyr, milli lybasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir.
Ene-mamalarymyzyň bize ýetiren türkmen medeniýetiniň baýlygy bolan el keşdelerine uly hormat goýup, geljek nesillere ýetirmek her bir türkmen zenanynyň borjudyr. Türkmen halkynyň mirasynyň, sungatynyň ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän, olary dünýä ýüzüne ýaýratmaga goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gültäç YBRAÝYMOWA.








