Köp asyrlyk geçmişi şan-şöhratly gadymy halkymyz Watan goragyny mukaddes borç hasaplap, ene topragymyzyň her daban ýeri üçin gan döküp, gorap gelipdir. Merdana pederlerimiziň Watan goragyndaky nusgalyk ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watan goragçylary hakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Indi her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň giňden bellenilip geçilmegem asylly däbe öwrüldi.
Şu günler bolsa, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda Watan goragçylarynyň gününiň baýramçylyk dabaralarynyň ýaňy belentden ýaňlanýar. Şu sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňýanynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin täze döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi şanly senäniň dabarasyna dabara goşdy. Dört gatly, 24 öýli täze ýaşaýyş jaýynda onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilip, giň we ýagty otaglaryň zerur durmuş enjamlary bilen üpjün edilendigi baýramçylyk gününde guwanç duýgusyny döredýär.
Her ýylda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilip geçilmegi halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň goragynda sak durýan merdana goragçylarymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Watan goragçylarymyza şanly sene mynasybetli ýaňlanýan gutlaglar baýramçylyk dabaralarynyň şatlygyna şatlyk goşýar.
Baýram AMANOW.








