Ýeller galabilmän ýerde süýrendi.
Magtymguly Pyragy.
***
Öz ýüzüň şöhlesine, belki, özüň-de ýana sen.
Mollanepes.
***
Sylaň bir-biregi wagtyňyz barka,
Mümkin... ýene bir sagatdan giç bolar.
Berdinazar Hudaýnazarow.
***
Poeziýa Pyragyň münen atydyr.
Mämmet Seýidow.
***
Diý, keýgim, gudrat bar, jady bar palda,
Hudaý-a aldatmaz, meni bir alda.
Atajan Tagan.
***
Biri bir setirmi alsa begenýän,
Hakyky şahyry ogurlaýalar.
Atamyrat Atabaýew.
***
Owadan gyzlary halamaýaryn,
Olar betbagtlygmy ýadyma salýar.
Nobatguly Rejepow.
***
Damjalar çümmükläp görýär,
Akar ýabyň mele suwny.
Atajan Annaberdiýew.
***
Aýdyp ýetişmedik goşgy setirlem,
Kepenimden çykar kebelek bolup.
Amandurdy Annadurdyýew.
***
“Ölä aýan, dirä gümän” diýleni,
Adam gaýdyşdan soň çyna öwrülýä.
Atda Gurbangeldiýew.
***
Nurgözeliň leblerinde,
Diriligiň suwy bardyr.
Gurbandurdy Orazow.
***
Köne suratlary ýyrtmaň, eplemäň,
Olar köp zat gürrüň berer geplemän.
Çary Ýegenmyradow.
***
Wah, men bu dünýeden, pany dünýeden,
Çözmesi kyn matal bolup geçerin.
Şähribossan
Geldimämmedowa.
***
Käbäm, gül ýüzüňe mähirli garap,
Sypaýy bolmagy senden öwrendim.
Bahargül Mejidowa.
Toplan
Atamyrat ŞAGULYÝEW.








