2026-njy ýylyň ýurdymyzyň jemgyýetçilik, syýasy durmuşynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabraly maslahatlaryň biri hem Türkmenistanyň Döwlet Energetika Instituty we Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde institutyň dabaralar jaýynda “Ösüşlere beslenýän bedew batly Watanym” ady bilen geçirildi. Aýdym-sazly dabaraly maslahata Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işgärleri we işjeň agzalary hem-de bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzyň ösüşleri, geçen 2025-nji ýylda gazanylan üstünlikler, ýylyň şanly şygarynyň taryhy ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahatyň dowamy institutyň “Kuwwat”aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna utgaşyp, onda ýylyň şanly şygaryna bagyşlanan, asuda, abadan Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlar ýerine ýetirildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrynda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny we alkyşlaryny beýan etdiler.
Azat Beglanow.








