Sabyrlylyk ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biridir. Sabyr, aslynda, çydam edip garaşmak ukybydyr. Bu ajaýyp häsiýet barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyda şeýle setirler hem bar:
Sabryň bolsa subhan ýeter dadyňa,
Jeňňi-jedel laýyk däldir adyňa.
Sabyr-takat bilen baglanyşykly pähimler, paýhasly setirler bilen tanşan her bir adam onuň ynsan durmuşynda ähmiýetiniň örän uludygyna, sabyrly bolmagyň bela-beterlerden goraýan närsedigine has-da oňat göz ýetirýär.
Umytly bol, Ýusup dek,
Sabyrly bol, Eýýup dek.
***
Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.
Magtymguly PYRAGY.
***
Sabyr eden myradyna ýeter.
***
Sabyrlynyň alçasy bişer.
***
Äwmek — şeýtandan, sabyr rahmandan.
***
Sabyr edenler gara dagy ýer eder, bisabyrlar haýyr işi şer eder.
***
Sabyrly sary altyn, saralan ýeter myrada, howlugan ýeter uýada.
***
Sabyrlylyk haýra getir, bisabyrlylyk şere ýetir.
***
Sabyr soňy — sap altyn.
***
Sabyr ajy, miwesi süýji.
***
Sabyr — sogabyň dogany.
***
Sabyr — müşgil işleriň açary.
***
Sabyr daşy — takat daşy.
Toplan
Annamyrat BERDIMYRADOW.








