Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmegiň ýeňişli menzilleri rowaçlanýar. Sportuň ösdürilmegi halkyň saglygyny goramakda, berkitmekde uly ähmiýete eýe bolmak bilen, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna-da netijeli täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri bu gün sporta höwesek ýaşlaryň mekanyna öwrüldi.
Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri türkmen sportunyň halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu meselede Türkmenistanyň halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde goldaw tapýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni, GDA-nyň Aşgabat şäherinde geçirilen Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäheri “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegem taryhy waka boldy. Bularyň hemmesi Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň barha ýokary göterilýändigine aýdyň subutnamadyr. Şeýle üstünlikli ýörelge “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar.
Maksat ŞIRIÝEW.








