Sakarçäge etrap häkimliginiň, kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşiginiň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglanşykly geçiren maslahaty işjeň häsiýete eýe boldy. Bu maslahata etrabyň ýaşuly nesilleri, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň beýik ösüşlerini alamatlandyrýan şöhratly ýylymyzda gazanylýan üstünlikler agzybir we merdana halkymyzy has-da buýsandyrýar. Taryhy wakalara beslenip, belent şygar astynda badalga alan ýylymyz arzuwlaryň hasyl bolýan, maslahatlarymyzyň myrat tapýan ýyly bolar –diýlip buýsanç bilen bellediler. Şöhratly ýylymyzyň bedewler bilen baglanşykly atlandyrylmagynyň hem uly manysy bar. Uçar ganatly bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr,-diýlip maslahatdaky çykyşlarda nygtaldy. Bu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirlen maslahatyň dowamy etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.Medeniýet işgärleriniň bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizi, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan rowaç işlerini wasp edip ýerine ýetiren çykyşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bolup ýaňlandy.
Çarymuhammet Saparow.








