Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda duşuşyk geçirilip, ol ,,Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym” diýlip atlandyryldy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzda ýyndamlygyň, maksada okgunlylygyň, çydamlylygyň kämil nusgasy hasaplanýan ahal-teke bedewlerimize goýulýan hormatyň belentdigini aýratyn bellediler. Çykyş edenler Ynsan gylykly türkmen bedewlerimiziň ähli döwürlerde milli buýsanjymyz, baýlygymyz, göz-guwanjymyz, türkmen halkynyň ygrarly ýoldaşy, ýakyn syrdaşy bolup gelendigi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan eserlerinde hem aýratyn bellenilip geçilýär – diýip buýsançly bellediler. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Toýmyrat Gurbanow.








