Magtymguly Pyragy hakynda ençeme eserler, ylmy makalalar, rowaýatlardyr tymsallar ýazyldy. Sebäbi, şahyr öz goşgularynda türkmeniň pähim-parasadyny, asylly ýörelgesini, türkmen ýüregini janlandyrýar. Magtymguly Pyragy, gürrüňsiz, ynsanperwerligiň nusgasy, inçe psiholog, düýpli filosof, akyldar.
Şahyryň goşgulary diňe bir däbe öwrülen Gündogar, has takygy, türkmen nusgawy şygryýetini özünde jemlemän, eýsem, tolgundyryjy, köňle ýakyn, her ynsana aýratyn ýüzlendirilen ýürek owazlarydyr, halal ýaşaýşa çagyryşdyr.
Ýyllar bizi Magtymguly Pyragydan daşlaşdyranok-da, gaýta, oňa ýakynlaşdyrýar. Aramyzda üç ýüz ýylyň ýatandygyna garamazdan, akyldar şu günem biz üçin bahasyna ýetip bolmajak maslahatçy, talapkär söhbetdeş, garaňky gijede demirgazyk ýyldyzy, ýol görkeziji.
Durmuşda ugruny ýitiren, aljyran adam Magtymguly Pyraga ýüzlenende, onuň garaňky hasap edýän ötüginiň aňyrsynda yşyk peýda bolýar.
Şahyr Gurt Näzliýewe ýüzleneliň:
Göwün guşuň laýa batsa,
Okaber, Magtymgulyny!
Kalbyň päklär assa-assa,
Okaber, Magtymgulyny!
...Ir-giç Adam bolaý diýseň,
Öwüt-ündew alaý diýseň,
Watan näme? Bileý diýseň,
Okaber, Magtymgulyny!
Magtymguly adamzadyň hakyky beýikligine düşünen şahyr hem-de akyldar. Onuň adamzada, özünden soňky nesillere goýup giden mirasyny altyn-kümüş, lagly-jowahyr bilen ölçemek mümkin däl. Onuň nesillere peşgeşi öz ady ýaly baky. Magtymguly daň ýyldyzy, ynsaba, halallyga, bakylyga ýol görkezýän çelgi.
Şahyryň goşgulary milli çäkliligi inkär edýändigi, umumadamzat duýgularyny özünde jemleýändigi, ynsanperwerligi üçin özge halklara hem ýakyn. Islendik halkyň wekili Magtymguly Pyragynyň döwrüne, ýaşaýşyna, durmuşyna degişli isleg-arzuwlaryny, umumadamzat gymmatlyklaryny, iň esasy-da, Gündogar poeziýasynyň läheňleri Abdyrahman Jamynyň, Ferdöwsiniň, Alyşir Nowaýynyň, Döwletmämmet Azadynyň... ideýalaryny tapyp bilýär. Sebäbi, Magtymguly olaryň däpleri esasynda taplandy, kämil boldy.
Magtymguly diňe türkmeniň şahyry däl. Şahyryň ýürekleri gozgalaňa salýan setirleri beýleki halklaryň wekillerini-de biparh goýanok.
Şahyryň döredijiligi syrdan doly. Onuň döredijiligindäki syrlara akyl ýetirmäge synanyşyk edýän adam az däl. Ýöne hemmelere Magtymguly Pyragynyň syrlarynyň çuňlugyna ýetmek miýesser edäýenok. Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Ahmet Bekmyradow, Osman Ödäýew, Annagurban Aşyrow, Annadurdy molla şahyr ýaly magtymgulyşynaslar beýik şahyryň döredijiligindäki gizlin syrlara akyl ýetirmäge, olary okyjylara düşündirmäge şowly synanyşyklar etdiler.
Magtymguly Pyragynyň poeziýasy özüne degişli owadanlygy we realizmi bilen halkyň ruhy dünýäsini bütin çuňlugy bilen biziň günlerimize ýetirmegi başardy. Indi üç asyr bäri şahyryň döredijiligi Gündogaryň filosofik pikirleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Türkmen halkynyň özboluşlylygy, adaty, däbi-dessury, mertebesi, ar-namysy, watançylygy, öz halkyna bolan söýgüsi, bir söz bilen jemläp aýdanyňda, mentaliteti şahyryň şygyrlarynyň özenini düzýär. Onuň poeziýasy halky ynsanperwerlige, bütewilige, halallyga, dostluk-doganlyga çagyryş bolup ýaňlanýar. Magtymgulynyň ynsanperwer-filosofik garaýyşlary Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Edil birnäçe asyr ozalkysy ýaly, bu günki günem hakdan içen şahyryň ölmez-ýitmez şygyrlary türkmen halkynyň röwşen geljegine ýol görkeziji çyrag, pähim-paýhas mekdebi, Watanyň ertirine bolan ynam, häzirki we geljekki nesillerimiz üçin buýsanç, ylham çeşmesi bolup ýaňlanýar.
Mälim bolşy ýaly, Jemşidiň jamyna deňeýän danamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giň gerim bilen belläp geçdik, mermer paýtagtymyzyň görküne görk goşan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň mähir-yhlasyndan dörän ýadygärligine gül desselerini goýduk. Minnetdar nesiller hökmünde beýik akyldaryň öňünde başymyzy egdik.
Ahmet ÇARYKULYÝEW.