Bir şahada alty nara,
Meňzäp duran alty jora,
Işden gelip agşamara,
Guýudan suw çekip gitdi.
Aklym aldy altyň biri,
Her bakyşy derde däri,
Ýüregimde şondan bäri,
Yşk ataşyn ýakyp gitdi.
Suw diledim agzym gurap,
«Içiň!» diýdi ýygryljyrap,
Içdim gyza ogryn garap,
Suw ýakamdan akyp gitdi.
Has dogumly, has berdaşly,
On sekiz — on dokuz ýaşly,
Gülýakasy tylla gaşly,
Ýyldyrym dek çakyp gitdi.
Söýenimi aňlamady,
Ýa aňsa-da geňlemedi,
Diýjek sözüm diňlemedi,
Gözün-gaşyn kakyp gitdi.
Belki, onuň ýary bardyr,
Bir görmäge zary bardyr,
Ýa-da mende ary bardyr,
Ýüregimi ýakyp gitdi,
Bogun-bogun söküp gitdi.
Kerim GURBANNEPESOW.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.