Ýakynda Mary etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň mejlisler zalynda TDP-niň etrap komitetiniň hem-de TKA-nyň etrap birleşimesiniň bilelikde guramagynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Baky Bitarap Diýar ösüşlere beslenýär” atly maslahat geçirildi. Maslahata welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň we TKA-nyň işgärleri we etrapdaky orta mekdeplerde zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, kümüş saçly ene Aýnagözel Baýramowa, etrapdaky 40-njy orta mekdebiň müdiri Hangeldi Atadurdyýew çykyş etdiler. Çykyşlarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikler, şanly ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyny dabaraly bellemäge görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar.
Muhammetgylyç NEPESOW.