«Gaýal» diýlip atlandyrylýan äpet öküzler Pakistanda, Hindistanda, Bangladeşde, Mýanmada, Taýlandda, Kambojada, Wýetnamda, Malaýziýa we Nepal döwletlerinde giňden ýaýrandyr. Bu äpet öküziň uzynlygy 3 metrden geçýär. Boýy 2,3 metre çenli ýetip, onuň agramy 1500 kilogramdan 2000 kilograma çenli barýar.
Kýan — Italiýada ýaýran bu äpet öküzleriň agramy 1200-1820 kilograma barabardyr. Boýy 150-180 santimetr aralygyndadyr. Bu öküzler esasan et üçin niýetlenendir. Onuň ady Italiýanyň Wal-di-Kýana jülgesinde ösdürilip ýetişdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu öküzler ol ýerden Braziliýa, Argentina hem-de Kanada äkidilipdir.
Awstraliýada bir fermer rekordsmen öküzi ösdürip ýetişdiripdir. Golştin — friz tohumyndan bolan bu äpet «Nikers» atly ala öküzi fermer Jef Pirson satyn alypdyr. Boýy 194 santimetre ýetenden soň, öküziň boýy ösmegini bes edip, agramy 1,4 tonna barabar bolupdyr.
Agramynyň aşa agyrlygy hem-de boýynyň äpetligi sebäpli Pirson bu äpet öküzi soýmakdan saklanypdyr. Fermere bu äpet öküzi auksionda hem satmak başartmandyr. Awstraliýanyň hiç bir et kombinaty beýle äpet jandary satyn almandyr. Ýerli ýaşaýjylar «Nikers» öküzini Awstraliýanyň äpeti diýip atlandyrýarlar.
Öküzleriň Aberdin — angus tohumy et üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Bu öküzleriň tohumy XIX asyrda Şotlandiýanyň daglyk Aberdinşir graflygynyň gara sygry hem-de Angus graflygynyň goňur öküzinden alynýar. Aberdin — angus tohumy dünýä ýaýraýşy boýunça ikinji orunda durmak bilen, ABŞ-da, Kanadada, Argentinada, Täze Zelandiýada, Beýik Britaniýada, Awstraliýada we başga-da birnäçe döwletlerde giňden ýaýrandyr. Bu öküzleriň boýy 125-130 santimetr, agramy 1000 kilograma barabardyr. Awstraliýada Aberdin — angus tohumyndan bolan «Ýyldyrym urgusy” atly öküz auksionda 360 müň amerikan dollaryna satylyp, dünýäde iň gymmat satylan öküzleriň biridir.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.