Tomusky dynç alşa çykan çagalar üçin gyzykly döwür dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde olaryň kemsiz dynç alyp, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli amatlyklar döredilýär. Güneşli Diýarymyzyň dürli ýerlerinde döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edip, olarda mekdep okuwçylary gowy dynç alýarlar.
Şu möhüm mesele babatda etrabymyzda-da netijeli işler durmuşa geçirilýär. Geňeşimiz tarapyndan çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen bagly işler talaba laýyk ýola goýulýar. Has takygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde TKA-nyň Milli merkeziniň Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” sagaldyş we dynç alyş merkezine 25, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine 20 çaga ugradyldy. Şol merkezlerde bolsa, olaryň gowy dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirmeklerine hemme zerur şertler döredildi.
Saparmyrat GARASÄHEDOW.