Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işlere badalga berilýär. Gözel Diýarymyzyň çar künjeginde bar bolan döwrebap stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri ilatyň, aýratynam, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilik berýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Olaryň dürli ýaryşlara gatnaşyp, ýaşyl Tugumyzy dünýä ýüzünde parlatmaga giň mümkinçilikler döredilýär.
Dürli ýaryşlara gatnaşyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göterýän türgenleriň sany barha artýar. Sakarçäge etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Daýanç Döwletow hem diňe bir sporta höwesekleriň däl, eýsem, bu ugurda ýeňişli menzilleri külterleýän ýaş türgenleriň hatarynda tanalýar. Ol 2018-nji ýyldan bäri kýokuşinkaý karate bilen gyzyklanyp, Murgap etrabyndaky 2-nji sport mekdebine gatnap, yzygiderli türgenleşýär. Şol ýyllaryň yzygiderli türgenleşigi, tälimçisiniň yhlas-tagallasy ýaş türgene şowlulyk getirdi. Daýanç Döwletowa tejribeli tälimçi Merdan Orazdurdyýew tälim berýär.
Erjel hem-de ezber türgenimiz welaýatymyzda, ýurdumyzda, daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp bolýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 1-nji, üstümizdäki ýylda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 1-nji we ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ulularyň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda bolsa, 2-nji orunlara mynasyp boldy.
Ogulşirin KAKAJANOWA.