Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik we Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine we bu forumyň ähmiýetine bagyşlandy. “Awaza” forumy – hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasatynyň dabaralanmasy” ady bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalary we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň ýurdumyzda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimizde häzirki döwürde ulag ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenilip, ýurdumyzda geçirilýän bu iri göwrümli forumyň diňe bir sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara ulag geçelgelerini döretmekde we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde hem uly orna eýe bolup durýandygy dogrusynda hem aýratyn nygtadylar.