Paýhaslylyk — bu ynsaba ýugrulan akyl.
***
Kim ýagşylyk etse, şol hem hemmeden saýlanýandyr.
***
Maşgala durmuşynyň baş maksady we manysy çagalary gowy terbiýelemekdir.
***
Haýal ösmekden gorkmaň, üýtgewsiz galmakdan gorkuň!
***
Durmuşyň size ýylgyryp bakmagyny isleseňiz, oňa ilki özüňiz gowy ýagdaýlary sowgat ediň!
***
Ähli mümkinçilikleri synap gör. Eliňden gelýän ähli zady edendigiňi bilmek hemişe zerurdyr.
***
Eger sende başarnyk bar bolsa, tejribäň azlygyna gynanma!
Toplan
Ejegül ATABAÝEWA.