Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň bilimli, ylymly bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, zehinini açmak üçin çagalar sungat mekdepleri, çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleri döredilýär. Häzirki wagtda welaýatymyzda ençeme çagalar sungat mekdepleri hereket edýär. Baýramaly şäheriniň Zelili adyndaky çagalar sungat mekdebinde hem ýaş nesilleriň dürli ugurda ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda ähli şertler bar.
Ady agzalan çagalar sungat mekdebinde teatr sungaty bölümi hereket edýär. Batyr Hojaberdiýew bu bölümde indi ençeme ýyl bäri zähmet çekip, ýaşlaryň artistlik ukybyny ýüze çykarmakda yhlasyny gaýgyrmaýar. Bu ýerde okuwçylar dürli türkmen halk ertekilerinden bölekleri, Batyr Hojaberdiýewiň ýazan “Agzybir dostlar”, “Bagt şäheri — Arkadag”, “Jadyly jülge” atly sahna oýunlaryny sahnalaşdyrýarlar. Olaryň ussatlygy bilen ýerine ýetirilýän sahna oýunlary çagalar baglarynda görkezilip, körpelere ruhy lezzet paýlaýar. Şeýle-de, teatr sungaty bölüminiň okuwçylary welaýatymyzyň taryhy ýerlerinde düşürilýän filmlere hem işjeň gatnaşýarlar.
Çeper okaýyşlary, sazly kompozisiýalary, sahna oýunlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda teatr sungaty bölüminiň 3-nji synp okuwçylary Aýnur Orazowanyň, Sakina Kaýipowanyň, Zahra Rizaýewanyň, Mukam Maksadowyň, Abdykerim Şöhradowyň atlaryny buýsanç bilen agzamak bolar.
Sülgün ŞADYÝEWA.