Günlerde bir gün argyşa gidenlerinde, Magtymguly Ýonaçynyň maly ýaraman, yzyna — obasyna dolanmaly bolýar. Ýoldaşlary argyşdan gelenden soňra, birneme bugdaý berjekdiklerini aýdyp, ony yzyna gaýtarýarlar. Ýonaçy oba gelýärkä, daş-töweregindäki ot-çöpleri sermäp, iýmitini tapýan körsyçany görüp, pikire batýar: “Gözüm bar, elim bar, janym sag, öz ýurdumda, öz ýerimde zähmet çeksem, oňa ýetesi näme bar? Adamy ýer eklär ahyry” diýip, ýüregini bire baglap obasyna gelip, suwly, mes toprakly ýerde mesgen tutýar.
Ol ilki kädi ekip, bol hasyl alýar. Diňe bir daýhançylyk bilen çäklenmän, türkmeniň milli buýsanjy bedew atlara ýona, uýan, çeki, adamlara köwüş, mesi tikip, güzeranyny dolandyrýar. Boş wagtlary gelin-gyzlaryň şaý-seplerini ýasap, bagtyýar durmuşyň açarynyň halal zähmetdedigini birkemsiz subut edýär. Halal zähmeti, ajaýyp adamkärçiligi köpleriň göwnünden turan Magtymguly Ýonaçy obanyň belent mertebeli adamlarynyň biri bolupdyr.
Taýýarlan
Şatlyk JEPBAROW.