Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty barha dabaralanýar. BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanymyza 30 ýyl dolýan ýylymyzda bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp, şanly senä ruhubelentlikde taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem bellenilişi ýaly, içerki önümleriň öndürilişiniň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar baradaky maglumatlara ýüzlenenimizde, soňky ýyllarda olaryň ählumumy ykdysady ösüşdäki ornunyň artýandygyny görmek bolýar. Şeýle döwletleriň sany dünýäde 30-dan gowrakdyr. Olar ähli yklymlarda ýerleşýär. Bu döwletleriň arasynda ýangyç-energiýa serişdelerini, gazylyp alynýan magdanlary, oba hojalyk önümlerini we köp dürli taýýar önümleri daşarky bazarlara çykarmaga uly mümkinçiligi bolan ýurtlar hem bar.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz daşary syýasatda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen parahatçylyksöýüji, birek-birege ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny üstünlikli alyp barýar. Munuň aýdyň mysalyna bolsa, ýurdumyzda geçirilýän iri halkara maslahatlar we forumlar şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnama laýyklykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna iş saparyny amala aşyryp, bu möhüm maslahata görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Şeýle hem bu halkara maslahaty geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň maslahatyny geçirdi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigi barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi.
Kakageldi GURBANOW.