Golaýda etrap merkezi kitaphanasynyň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, etrap merkezi kitaphanasynyň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çärede etrap häkimliginiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Ogulsenem Muhadowa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmegi üçin alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda nygtadylar.
Jemal HEZRETOWA.