Öz saglygyny saklamak isleýän adam öz iýmitiniň esasy böleginiň haýsydyr bir derman hasaplanylýan ýa-da aşa ýokumly gök önüm, miweler bolmagyndan ägä bolmalydyr. Eger-de iýmitlenilenden soň, aşgazanda bir artykmaçlyk duýulsa, derrew daşary çykarmaga howlukmaly, nahary diňe işdä bilen iýmeli. Şeýle hem işdäň açylan mahaly ony bökdemeli däl. Şunuň bilen birlikde, serhoş we aşgazanyň iýmiti oňat bişirip bilmezliginden kösenýän adamlaryňky ýaly galp işdä bolmasyn. Açlyga çydam etmek netijesinde aşgazan erbet şirelerden dolýar.
Gyş paslynda gyzgyn naharlary iýmeli. Ýöne aşa gyzgyn ýa-da aşa sowuk naharlary iýip-içmeli däl. Sussupeslik we agyr beden hereketleri aşgazanyň iýmit bişirişini bökdeýär. Eger aşa köp nahar iýlen bolsa, ertesi aç saklanmak gerek we aram ýyly — ne sowuk, ne gyzgyn haldaky jaýda uzak wagtlap uklamak gerek. Eger uky peýda bermese, onda uzak we haýallyk bilen, dynç alman üznüksiz ýöremeli.
Eger kim naharlanandan soň, bedeniniň gyzgyny ýokarlansa, goý, ol naharyň zerur mukdaryny birbada däl-de, az-azdan iýsin.
Eger kimiň aşgazany ýeterlik mukdardaky iýmiti oňat özleşdirip bilmese, ol ýygy-ýygydan, ýöne az mukdarda iýsin. Güýçli we gaty iýmitden soň suwuk we tiz özleşýän iýmiti iýmekden saklanmak gerek.
Köplenç halatda, endik edilen iýmitler hatda biraz zyýan edýän bolsa-da, endik edilmedik has oňat iýmitlerden gowudyr.
Eger gün içinde diňe bir gezek naharlanmagy endik edinen adam iki gezek naharlanaýsa, agşama çenli onuň bedenine gowşaklyk aralaşýar.
Ýeňil iýmit saglygyňy gowy saklaýar, ýöne güýjüne we bedeniň berkligine peýdasy azdyr. Agyr iýmit onuň tersinedir. Fiziki maşklar bilen meşgullanýan we köp işleýän adamlar agyr iýmiti oňat siňdirýärler. Hindistanyň we beýleki ýerleriň tejribeli adamlary turşy zatlar bilen süýdi, şeýle hem balyk bilen süýdi bile iýip-içmeli däl, olar uzaga çekýän keselleri döredýär diýýärler.
“Tebipçilik ylmynyň kanunlary” kitabyndan.