Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusynyň esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şu ýylyň şanly şygaryna bagyşlanylyp Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Mary we Baýramaly, Garagum etrap geňeşleriniň, Mary welaýat kitaphanasynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk, ynanyşmak – ýürek nurumyz” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işjeň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk buýsanjyny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrýandygy, ýylyň dowamynda alnyp barylýan işleriň şol şygaryň mazmuny bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýändigi barada nygtadylar.