Döwletiň  baş  aladasy
weather mary 27° C Mary
weather mary 27° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Döwletiň  baş  aladasy

8 23.07.2025

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak möhüm mesele bolup durýar. Tebigy baýlyklaryň adam saglygyna ýetirýän täsirlerini öwrenip, şol baýlyklary gorap, rejeli peýdalanyp, nesillerimize miras goýmak biziň ýurdumyzda esasy ýörelgä öwrüldi. 
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Saglyk Döwlet maksatnamasy ilatyň jan saglygy barada aladany döwlet syýasaty derejesine göterdi. Halkyň saglygyny goramak, ilatyň berk bedenli, sagdyn bolmagyny gazanmak döwletiň baş aladasy bolup durýar. Şonuň üçin hem halk arasynda «Saglyk — beglik», «Jan saglygyň bolmasa, dünýäniň giňliginden ne peýda», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Jan saglygy bolsun, başga zadyň bir alajy bolar» diýen ýaly, dürdäne jümleler döräpdir. 
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkyň saglygyny goramak we dikeltmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş, anyklaýyş, bejeriş merkezleri we şypahanalar guruldy. Halka hyzmat edip gelýän öňki şypahanalaryň birnäçesiniň durky täzelendi. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän «Arçman», «Ýylysuw», «Mollagara», «Baýramaly», «Awaza» we başga-da birnäçe şypahanalary görkezmek bolar. 
Tebigatyň peşgeş beren şular ýaly jana melhem ýerlerine aýawly çemeleşip, gorap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Göwher SAPARMYRADOWA. 

7
7 23.07.2025
Äpet  öküzler  barada

«Gaýal» diýlip atlandyrylýan äpet öküzler Pakistanda, Hindistanda, Bangladeşde, Mýanmada, Taýlandda, Kambojada, Wýetnamda, Malaýziýa we Nepal döwletlerinde giňden ýaýrandyr. Bu äpet öküziň uzynlygy                  3 metrden geçýär. Boýy 2,3 metre çenli ýetip, onuň agramy 1500 kilogramdan 2000 kilograma çenli barýar.  Kýan — Italiýada ýaýran bu äpet öküzleriň agramy 1200-1820 kilograma barabardyr. Boýy 150-180 santimetr aralygyndadyr. Bu öküzler esasan et üçin niýetlenendir. Onuň ady Italiýanyň Wal-di-Kýana jülgesinde ösdürilip ýetişdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu öküzler ol ýerden Braziliýa, Argentina hem-de Kanada äkidilipdir. Awstraliýada bir fermer rekordsmen öküzi ösdürip ýetişdiripdir. Golştin — friz tohumyndan bolan bu äpet «Nikers» atly ala öküzi fermer Jef Pirson satyn alypdyr. Boýy 194 santimetre ýetenden soň, öküziň boýy ösmegini bes edip, agramy 1,4 tonna barabar bolupdyr. Agramynyň aşa agyrlygy hem-de boýynyň äpetligi sebäpli Pirson bu äpet öküzi soýmakdan saklanypdyr. Fermere bu äpet öküzi auksionda hem satmak başartmandyr. Awstraliýanyň hiç bir et kombinaty beýle äpet jandary satyn almandyr. Ýerli ýaşaýjylar «Nikers» öküzini Awstraliýanyň äpeti diýip atlandyrýarlar.  Öküzleriň Aberdin — angus tohumy et üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Bu öküzleriň tohumy XIX asyrda Şotlandiýanyň daglyk Aberdinşir graflygynyň gara sygry hem-de  Angus graflygynyň  goňur öküzinden alynýar. Aberdin — angus tohumy dünýä ýaýraýşy boýunça ikinji orunda durmak bilen, ABŞ-da, Kanadada, Argentinada, Täze Zelandiýada, Beýik Britaniýada, Awstraliýada we başga-da birnäçe döwletlerde giňden ýaýrandyr. Bu öküzleriň boýy 125-130 santimetr, agramy 1000 kilograma barabardyr. Awstraliýada Aberdin — angus tohumyndan bolan «Ýyldyrym urgusy” atly öküz auksionda 360 müň amerikan dollaryna satylyp, dünýäde iň gymmat satylan öküzleriň biridir. Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Amanmyrat ÝAMADOW.

7
7 23.07.2025
Ýaş türgeniň ýeňişli gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işlere badalga berilýär. Gözel Diýarymyzyň çar künjeginde bar bolan döwrebap stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri ilatyň, aýratynam, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilik berýär. Şeýle hem hormatly  Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Olaryň dürli ýaryşlara gatnaşyp, ýaşyl Tugumyzy dünýä ýüzünde parlatmaga giň mümkinçilikler döredilýär.  Dürli ýaryşlara gatnaşyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göterýän türgenleriň sany barha artýar. Sakarçäge etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Daýanç Döwletow hem diňe bir sporta höwesekleriň däl, eýsem, bu ugurda ýeňişli menzilleri külterleýän ýaş türgenleriň hatarynda tanalýar. Ol 2018-nji ýyldan bäri kýokuşinkaý karate bilen gyzyklanyp, Murgap etrabyndaky 2-nji sport mekdebine gatnap, yzygiderli türgenleşýär. Şol ýyllaryň yzygiderli türgenleşigi, tälimçisiniň yhlas-tagallasy ýaş türgene şowlulyk getirdi. Daýanç Döwletowa tejribeli tälimçi Merdan Orazdurdyýew tälim berýär. Erjel hem-de ezber türgenimiz welaýatymyzda, ýurdumyzda, daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp bolýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 1-nji, üstümizdäki ýylda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 1-nji we ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ulularyň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda bolsa, 2-nji orunlara mynasyp boldy.  Ogulşirin KAKAJANOWA.

7
7 23.07.2025
Döwletiň  baş  aladasy

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak möhüm mesele bolup durýar. Tebigy baýlyklaryň adam saglygyna ýetirýän täsirlerini öwrenip, şol baýlyklary gorap, rejeli peýdalanyp, nesillerimize miras goýmak biziň ýurdumyzda esasy ýörelgä öwrüldi.  Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Saglyk Döwlet maksatnamasy ilatyň jan saglygy barada aladany döwlet syýasaty derejesine göterdi. Halkyň saglygyny goramak, ilatyň berk bedenli, sagdyn bolmagyny gazanmak döwletiň baş aladasy bolup durýar. Şonuň üçin hem halk arasynda «Saglyk — beglik», «Jan saglygyň bolmasa, dünýäniň giňliginden ne peýda», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Jan saglygy bolsun, başga zadyň bir alajy bolar» diýen ýaly, dürdäne jümleler döräpdir.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkyň saglygyny goramak we dikeltmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş, anyklaýyş, bejeriş merkezleri we şypahanalar guruldy. Halka hyzmat edip gelýän öňki şypahanalaryň birnäçesiniň durky täzelendi. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän «Arçman», «Ýylysuw», «Mollagara», «Baýramaly», «Awaza» we başga-da birnäçe şypahanalary görkezmek bolar.  Tebigatyň peşgeş beren şular ýaly jana melhem ýerlerine aýawly çemeleşip, gorap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Göwher SAPARMYRADOWA. 

6
6 23.07.2025
Adamy  ýer  eklär (Hekaýat)

Günlerde bir gün argyşa gidenlerinde, Magtymguly Ýonaçynyň maly ýaraman, yzyna — obasyna dolanmaly bolýar. Ýoldaşlary argyşdan gelenden soňra, birneme bugdaý berjekdiklerini aýdyp, ony yzyna gaýtarýarlar. Ýonaçy oba gelýärkä, daş-töweregindäki ot-çöpleri sermäp, iýmitini tapýan körsyçany görüp, pikire batýar: “Gözüm bar, elim bar, janym sag, öz ýurdumda, öz ýerimde zähmet çeksem, oňa ýetesi näme bar? Adamy ýer eklär ahyry” diýip, ýüregini bire baglap obasyna gelip, suwly, mes toprakly ýerde mesgen tutýar. Ol ilki kädi ekip, bol hasyl alýar.  Diňe bir daýhançylyk bilen çäklenmän, türkmeniň milli buýsanjy bedew atlara ýona, uýan, çeki, adamlara köwüş, mesi tikip, güzeranyny dolandyrýar. Boş wagtlary gelin-gyzlaryň şaý-seplerini  ýasap, bagtyýar durmuşyň açarynyň halal zähmetdedigini birkemsiz subut edýär. Halal zähmeti, ajaýyp adamkärçiligi köpleriň göwnünden turan Magtymguly Ýonaçy obanyň belent mertebeli adamlarynyň biri bolupdyr.   Taýýarlan  Şatlyk JEPBAROW.

6
6 23.07.2025
Iýmitlenmek  kadasy  hakynda

Öz saglygyny saklamak isleýän adam öz iýmitiniň esasy böleginiň haýsydyr bir derman hasaplanylýan ýa-da aşa ýokumly gök önüm, miweler bolmagyndan ägä bolmalydyr. Eger-de iýmitlenilenden soň, aşgazanda bir artykmaçlyk duýulsa, derrew daşary çykarmaga howlukmaly, nahary diňe işdä bilen iýmeli. Şeýle hem işdäň açylan mahaly ony bökdemeli däl. Şunuň bilen birlikde, serhoş we aşgazanyň iýmiti oňat bişirip bilmezliginden kösenýän adamlaryňky ýaly galp işdä bolmasyn. Açlyga çydam etmek netijesinde aşgazan erbet şirelerden dolýar. Gyş paslynda gyzgyn naharlary iýmeli. Ýöne aşa gyzgyn ýa-da aşa sowuk naharlary iýip-içmeli däl. Sussupeslik we agyr beden hereketleri aşgazanyň iýmit bişirişini bökdeýär. Eger aşa köp nahar iýlen bolsa, ertesi aç saklanmak gerek we aram ýyly — ne sowuk, ne gyzgyn haldaky jaýda uzak wagtlap uklamak gerek. Eger uky peýda bermese, onda uzak we haýallyk bilen, dynç alman üznüksiz ýöremeli.  Eger kim naharlanandan soň, bedeniniň gyzgyny ýokarlansa, goý, ol naharyň zerur mukdaryny birbada däl-de, az-azdan iýsin. Eger kimiň aşgazany ýeterlik mukdardaky iýmiti oňat özleşdirip bilmese, ol ýygy-ýygydan, ýöne az mukdarda iýsin. Güýçli we gaty iýmitden soň suwuk we tiz özleşýän iýmiti iýmekden saklanmak gerek. Köplenç halatda, endik edilen iýmitler hatda biraz zyýan edýän bolsa-da, endik edilmedik has oňat iýmitlerden gowudyr. Eger gün içinde diňe bir gezek naharlanmagy endik edinen adam iki gezek naharlanaýsa, agşama çenli onuň bedenine gowşaklyk aralaşýar. Ýeňil iýmit saglygyňy gowy saklaýar, ýöne güýjüne we bedeniň berkligine peýdasy azdyr. Agyr iýmit onuň tersinedir. Fiziki maşklar bilen meşgullanýan we köp işleýän adamlar agyr iýmiti oňat siňdirýärler. Hindistanyň we beýleki ýerleriň tejribeli adamlary turşy zatlar bilen süýdi, şeýle hem balyk bilen süýdi bile iýip-içmeli däl, olar uzaga çekýän keselleri döredýär diýýärler. “Tebipçilik ylmynyň kanunlary” kitabyndan.

7
7 23.07.2025
Altyň biri

Bir şahada alty nara,  Meňzäp duran alty jora, Işden gelip agşamara,  Guýudan suw çekip gitdi. Aklym aldy altyň biri, Her bakyşy derde däri, Ýüregimde şondan bäri,  Yşk ataşyn ýakyp gitdi. Suw diledim agzym gurap,  «Içiň!» diýdi ýygryljyrap,  Içdim gyza ogryn garap,  Suw ýakamdan akyp gitdi. Has dogumly, has berdaşly,  On sekiz — on dokuz ýaşly, Gülýakasy tylla gaşly,  Ýyldyrym dek çakyp gitdi. Söýenimi aňlamady, Ýa aňsa-da geňlemedi,  Diýjek sözüm diňlemedi,  Gözün-gaşyn kakyp gitdi. Belki, onuň ýary bardyr,  Bir görmäge zary bardyr,  Ýa-da mende ary bardyr,  Ýüregimi ýakyp gitdi,  Bogun-bogun söküp gitdi. Kerim GURBANNEPESOW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

8
8 23.07.2025
Ýürege  jaý  jümleler

Paýhaslylyk — bu ynsaba ýugrulan akyl. *** Kim ýagşylyk etse, şol hem hemmeden saýlanýandyr. *** Maşgala durmuşynyň baş maksady we manysy çagalary gowy terbiýelemekdir. *** Haýal ösmekden gorkmaň, üýtgewsiz galmakdan gorkuň! *** Durmuşyň size ýylgyryp bakmagyny isleseňiz, oňa ilki özüňiz gowy ýagdaýlary sowgat ediň! *** Ähli mümkinçilikleri synap gör. Eliňden gelýän ähli zady edendigiňi bilmek hemişe zerurdyr. *** Eger sende başarnyk bar bolsa, tejribäň azlygyna gynanma! Toplan  Ejegül ATABAÝEWA.

18
18 23.07.2025
Şadyýan tomus — 2025

Tomusky dynç alşa çykan çagalar üçin gyzykly döwür dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde olaryň kemsiz dynç alyp, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli amatlyklar döredilýär. Güneşli Diýarymyzyň dürli ýerlerinde döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edip, olarda mekdep okuwçylary gowy dynç alýarlar.  Şu möhüm mesele babatda etrabymyzda-da netijeli işler durmuşa geçirilýär. Geňeşimiz tarapyndan çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen bagly işler talaba laýyk ýola goýulýar. Has takygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde TKA-nyň Milli merkeziniň Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” sagaldyş we dynç alyş merkezine 25, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine 20 çaga ugradyldy. Şol merkezlerde bolsa, olaryň gowy dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirmeklerine hemme zerur şertler döredildi. Saparmyrat GARASÄHEDOW.

5
5 23.07.2025
Çagalaryň zehini ýüze çykarylýar

Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň bilimli, ylymly bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak,  zehinini açmak üçin çagalar sungat mekdepleri, çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleri döredilýär. Häzirki wagtda welaýatymyzda ençeme çagalar sungat mekdepleri hereket edýär. Baýramaly şäheriniň Zelili adyndaky çagalar sungat mekdebinde hem ýaş nesilleriň dürli ugurda ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda ähli şertler bar.  Ady agzalan çagalar sungat mekdebinde teatr sungaty bölümi hereket edýär. Batyr Hojaberdiýew bu bölümde indi ençeme ýyl bäri zähmet çekip, ýaşlaryň artistlik ukybyny ýüze çykarmakda yhlasyny gaýgyrmaýar. Bu ýerde okuwçylar dürli türkmen halk ertekilerinden bölekleri, Batyr Hojaberdiýewiň ýazan “Agzybir dostlar”, “Bagt  şäheri — Arkadag”, “Jadyly jülge” atly sahna oýunlaryny sahnalaşdyrýarlar. Olaryň ussatlygy bilen ýerine ýetirilýän sahna oýunlary çagalar baglarynda görkezilip, körpelere ruhy lezzet paýlaýar. Şeýle-de, teatr sungaty bölüminiň okuwçylary welaýatymyzyň taryhy ýerlerinde düşürilýän  filmlere  hem işjeň gatnaşýarlar. Çeper okaýyşlary, sazly kompozisiýalary, sahna oýunlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda teatr sungaty bölüminiň 3-nji synp okuwçylary Aýnur Orazowanyň, Sakina Kaýipowanyň, Zahra Rizaýewanyň, Mukam Maksadowyň, Abdykerim Şöhradowyň atlaryny buýsanç bilen agzamak bolar.  Sülgün ŞADYÝEWA.

20
20 23.07.2025
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ýardam eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty barha dabaralanýar. BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik  Bitaraplyk derejesine eýe bolanymyza  30 ýyl dolýan ýylymyzda bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp, şanly senä ruhubelentlikde taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem bellenilişi ýaly, içerki önümleriň öndürilişiniň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy.  Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar baradaky maglumatlara ýüzlenenimizde, soňky ýyllarda olaryň ählumumy ykdysady ösüşdäki ornunyň artýandygyny görmek bolýar. Şeýle döwletleriň sany dünýäde 30-dan gowrakdyr. Olar ähli yklymlarda ýerleşýär. Bu döwletleriň arasynda ýangyç-energiýa serişdelerini, gazylyp alynýan magdanlary, oba hojalyk önümlerini we köp dürli taýýar önümleri daşarky bazarlara çykarmaga uly mümkinçiligi bolan ýurtlar hem bar.  Häzirki wagtda hormatly  Prezidentimiz daşary syýasatda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen parahatçylyksöýüji, birek-birege ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny üstünlikli alyp barýar. Munuň aýdyň mysalyna bolsa, ýurdumyzda geçirilýän iri halkara maslahatlar we forumlar şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde  “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnama laýyklykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.  Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna iş saparyny amala aşyryp, bu möhüm maslahata görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Şeýle hem bu halkara maslahaty geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň maslahatyny geçirdi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigi barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi.  Kakageldi GURBANOW.

14
14 22.07.2025
Täsirli maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik we Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine we bu forumyň ähmiýetine bagyşlandy. “Awaza” forumy – hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasatynyň dabaralanmasy” ady bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalary we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň ýurdumyzda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda  hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimizde häzirki döwürde ulag ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenilip, ýurdumyzda geçirilýän bu iri göwrümli forumyň diňe bir sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara ulag geçelgelerini döretmekde we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde hem uly orna eýe bolup durýandygy dogrusynda hem aýratyn nygtadylar.

10
10 22.07.2025
Bitaraplyk — bagtyýarlyk mukamy

Şeýle at bilen Ýolöten etrap medeniýet öýünde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahata etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymyrat Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Meretgeldi Annakulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Toýly ANYŞOW.

9
9 22.07.2025
Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar

Golaýda etrap merkezi kitaphanasynyň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, etrap merkezi kitaphanasynyň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çärede etrap häkimliginiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Ogulsenem Muhadowa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmegi üçin alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda nygtadylar. Jemal HEZRETOWA.

9
9 22.07.2025
Baky Bitarap Diýar ösüşlere beslenýär

Ýakynda  Mary etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň mejlisler zalynda TDP-niň etrap komitetiniň hem-de TKA-nyň  etrap birleşimesiniň bilelikde guramagynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Baky Bitarap Diýar ösüşlere beslenýär” atly maslahat geçirildi. Maslahata  welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň we TKA-nyň işgärleri we etrapdaky orta mekdeplerde zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, kümüş saçly ene Aýnagözel Baýramowa, etrapdaky 40-njy orta mekdebiň müdiri Hangeldi Atadurdyýew çykyş etdiler. Çykyşlarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikler, şanly ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyny dabaraly bellemäge görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar.   Muhammetgylyç NEPESOW.

42
42 21.07.2025
Welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusynyň esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şu ýylyň  şanly şygaryna bagyşlanylyp Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Mary we Baýramaly, Garagum etrap geňeşleriniň, Mary welaýat kitaphanasynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk, ynanyşmak – ýürek nurumyz” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işjeň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk buýsanjyny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrýandygy, ýylyň dowamynda alnyp barylýan işleriň şol şygaryň mazmuny bilen bir bitewi sazlaşygy emele  getirýändigi barada nygtadylar.

30
30 18.07.2025
Taryhy waka bagyşlanylan maslahat

Bilşimiz ýaly, awgust aýynyň 4—8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekilmegi mynasybetli welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: giň gerimli özgertmeler we beýik başlangyçlar» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Çemen Akyýewa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa çykyş etdiler. Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýetlidigi, bu halkara forumynyň geçirilmeginiň ýurtlaryň ykdysady, ulag we logistika ugurlarynyň ösmegine täsir etjekdigi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Aýparça AKYMOWA.

64
64 17.07.2025
Täsirli geçdi

Ýakynda Tagtabazar etrap häkimliginiň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň gurnamagynda etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda möhletde duran hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Täzegül Muhammetöwezowa, etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi Toýly Geldiýew, etrap bilim bölüminiň müdiri Bagtyýar Nurmämmedow, etrabyň polisiýa bölüminiň ýerli wekili, polisiýanyň podpolkownigi Aga Hojagulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, tertip-düzgünleri berjaý etmek, kabul edilýän kanulary ýerine ýetirmek barada gyzykly gürrüň etdiler.    Wepa ŞARIPOW.

60
60 17.07.2025
Sagdyn jemgyýet — Berkarar döwlet

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar jaýynda ýokardaky at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TDP-niň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, welaýat prokuraturasy, welaýat adalat bölümi, welaýatyň polisiýa müdirligi bilelikde guradylar. Çärä ýokarda atlary agzalan guramalaryň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, welaýat prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, welaýatyň polisiýa müdirliginiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Serdar Derýaýew, welaýat adalat bölüminiň baş maslahatçysy Şemşat Meredowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sagdyn jemgyýetiň berkararlygyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaramaz endiklere garşy göreşmekde, jenaýatçylygyň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.  Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. Baýram AMANOW.

538
538 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

459
459 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

674
674 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

527
527 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

499
499 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

621
621 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

433
433 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

458
458 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.