Bir adamyň örän owadan, görmegeý, juda akylly, özem diýseň edenli gyzy bar eken. Oňa bir wagtda çopan ýigit, daýhan ýigit, alym ýigit hem-de serkerde ýigit sawçy gelipdir.
Kakasy gyzyna: “Özüň saýla! Göwnüň haýsyny söýse, şoňa baraý!” diýipdir. Gyz: «Maňa dünýäde iň mukaddes zady sowgat eden ýigide barjak” diýip, bularyň öňünde şert goýupdyr.
Daýhan ýigit bir saçak çörek getirip: «Ak bugdaýdan bişirilen mele-myssyk çörekden mukaddes zat ýokdur” diýipdir.
Çopan ýigit bir goýun getirip: “Hydyr gören mal, ýedi hazynanyň biri hasaplanylýan goýun janawar pirli maldyr” diýip aýdypdyr.
Alym ýigit: “Iň mukaddes zat kitapdyr, ylymdyr” diýipdir.
Şonda serkerde ýigit el ýaly mata düwlen bir gysym topragy görkezip: “Ynsan üçin iň gymmatly zat Watan topragydyr. Iň mukaddes iş bolsa Watan goragydyr” diýipdir.
Gyz: “Ata Watan asuda, goragly bolmasa, saçagyň hem bol çörekli bolmaz, malyň — mülküň hem artmaz. Ylym ösmez, kitap hem okalmaz” diýip, serkerde ýigidi — Watan goragçysyny saýlapdyr.
Meretgeldi ATABAÝEW.