NAKYLLAR HAKYNDA OÝLANYP...
weather mary 25° C Mary
weather mary 25° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

NAKYLLAR HAKYNDA OÝLANYP...

14 21.08.2026

Gürrüňdeşlikde haýsy bir mesele bolsa bolsun, gürrüň tekrarlanyljak bolnanda, aglaba, miras galan nakyllara ýa-da atalar sözüne ýüzleneniňi duýman galýarsyň. Çünki, nakyllar asyrlardan-asyrlara, dillerden-dillere geçip, şu günümize gelip ýeten ajaýyp halk döredijiliginiň bir görnüşidir. Nakyllar halk tarapyndan döredilen paýhasyň gorly nusgasydyr. Halkyň içinde il-gününe, ata Watanyna ýarap ýören juda parasatly ynsanlaryň jaýdar aýdan sözleri adamlaryň aňynda, hakydasynda orun tapypdyr. Şeýlelikde, olar nesillerden-nesillere geçip, biziň şu günümize gelipdir.

Alym Arkadagymyzyň howandarlygynda neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitaby diňe bir mugallymlaryň, okuwçylaryň ýa talyplaryň gollanmasy bolman, eýsem, her bir türkmen ojagynda iň köp okalýan kitaplaryň birine öwrüldi diýsek ýalňyşmarys. “Paýhas çeşmesi” kitabyndan biz — mugallymlar terbiýeçilik sagatlarynda, beýleki derslerde hem giňden peýdalanýarys. Nakyllar bilen düşündirilen islendik tema aňsat we berk özleşýär.

Mysal üçin, iň kiçijik çagajyklaryňam oňat bilýän nakyllarynyň biri — “Işlemedik — dişlemez”. Bu nakyl göni manysynda gelip, işlemeseň, gara deriňi saçyp, zähmet çekmeseň iýmäge höregiň bolmajagyny aňladýar. Diýmek, bütin ýaşaýşyň gözbaşy zähmet bilen başlanýar. Islendik üstünlige ýetmek irginsiz zähmeti talap edýär. Şonuň üçin her bir çaga zähmeti söýmegi, zähmet çekmegi öwretmek biz — ene-atalaryň, mugallymlaryň paýyna düşýär. Ýaşlara zähmet çekeniňde hökman ýaşaýşyň özgerýänini, gülleýänini öwretmeli, düşündirmeli.

Diňe bir parasatly ýaşululardan galan nakyllar däl, eýsem, ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinden setirler we jümleler hem edil nakyl ýaly bolup galypdyr. Dünýäniň akyldary, hezreti Magtymguly Pyragynyň “Har eýlär” diýen şygrynda şeýle setirler bar:

Az iýip, az ukla, ýene az sözle,

Köp söz seni il içinde har eýlär.

Şeýle diýmek bilen Magtymguly atamyz köp iýmegiň, köp uklamagyň saglygyňy ýitirmeklige, wagtyňy biperwaý geçirmeklige, köp sözlemegiň bolsa iliň içinde mertebäňi peseltjek ýagdaýa eltjekdigi barada gysgadan, jaýdar belläpdir.

Halkyň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynda-da nakyla, aýtga öwrülip giden setirler köp:

Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,

Şoň üçinem geçdik ine şunça ýol...

Göräýmäge, bu mysal ýönekeý bir şygyr setiri, ýöne manysy welin ýönekeý däl. Çuň, ýüregiňe jaýdar setirler. Biz — ynsanlaryň dünýä gelmegimiziň özi bir şatlyk, özi bir bagt. Her bir ynsan dünýä gelende, gör, näçe adama şatlyk paýlaýar. Ussat hem şu giň manyny gysga setirde ýatdan çykmaz ýaly edip ýazypdyr. Şeýle nakyla öwrülip, adamlaryň kalbynda ýaşaýan jümleler häzirki döwrümizde-de döremegini, terbiýe bermegini dowam edip dur. Balkanly ussat şahyr Didarberdi Allaberdiýewiň şygyrlarynda şeýle setirler bar:

Nan aglarmyş, işlemedik iýende,

Don aglarmyş gazanmadyk geýende...

Bular goşgy setirleri bolsa-da, edil nakyl ýaly ýazylypdyr. Şu setirleri özüm, köplenç, edebiýat sapaklarynda ulanýaryn. Okuwçylaryň zähmet terbiýesini kämilleşdirmekde, ata-enäniň çagalary üçin çekýän irginsiz zähmetine hormat goýmagy öwredemde şeýle setirleri giňden peýdalanýaryn. Didarberdi şahyryň edil nakyl ýaly bolup aňyňda galýan, çaga terbiýesinde, asyl-ha, ynsan terbiýesinde ähmiýetli setirleri örän köp.

Ýene bir ussat halypam Muhammetberdi Annageldiýewiň edil nakyl ýaly ýadyňda galýan setirleriniň bardygyny ýatlasym gelýär. Halypanyň “Syntgylanan setirleri” durşuna şeýle jümlelerden ybarat.

Şeýle ussatlaryň biziň ilimizde ýaşandyklary, ýaşaýandyklary geljekki nesillerimiz üçin örän uly bagt. Sebäbi, biz şolaryň paýhas mekdebinde ýaşamagy öwrenýäris, öwredýäris!

Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, işlemäge, döretmäge milli mirasymyzy öwrenmäge, kämilleşmäge mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun! Tutýan tutumly işleri has-da rowaçlansyn!

Sülgün GURBANOWA.

28
28 22.08.2026
Döwür. Çaga. Terbiýe.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluna eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda ýaşlar, aýratyn-da, körpeje nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Olaryň döwrebap bilim, terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýänleriň biri-de Baýramaly şäherindäki 19-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Sonagül Annamuhammedowadyr. Sonagül Annamuhammedowa bu ugurda döredijilikli zähmet çekip, körpe nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli bolmagy üçin yhlasyny gaýgyranok. Çagalaryň harplary tanamagy, ýazmagy, sanlary sanap bilmegi, surat çekmegi, goşgudyr aýdymlary ýat tutmagy terbiýeçiniň irginsiz zähmetiniň miwesidir. Kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan S.Annamuhammedowa köpleriň alkyşyna, öwgüsine mynasyp bolýar.

13
13 21.08.2026
NAKYLLAR HAKYNDA OÝLANYP...

Gürrüňdeşlikde haýsy bir mesele bolsa bolsun, gürrüň tekrarlanyljak bolnanda, aglaba, miras galan nakyllara ýa-da atalar sözüne ýüzleneniňi duýman galýarsyň. Çünki, nakyllar asyrlardan-asyrlara, dillerden-dillere geçip, şu günümize gelip ýeten ajaýyp halk döredijiliginiň bir görnüşidir. Nakyllar halk tarapyndan döredilen paýhasyň gorly nusgasydyr. Halkyň içinde il-gününe, ata Watanyna ýarap ýören juda parasatly ynsanlaryň jaýdar aýdan sözleri adamlaryň aňynda, hakydasynda orun tapypdyr. Şeýlelikde, olar nesillerden-nesillere geçip, biziň şu günümize gelipdir. Alym Arkadagymyzyň howandarlygynda neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitaby diňe bir mugallymlaryň, okuwçylaryň ýa talyplaryň gollanmasy bolman, eýsem, her bir türkmen ojagynda iň köp okalýan kitaplaryň birine öwrüldi diýsek ýalňyşmarys. “Paýhas çeşmesi” kitabyndan biz — mugallymlar terbiýeçilik sagatlarynda, beýleki derslerde hem giňden peýdalanýarys. Nakyllar bilen düşündirilen islendik tema aňsat we berk özleşýär. Mysal üçin, iň kiçijik çagajyklaryňam oňat bilýän nakyllarynyň biri — “Işlemedik — dişlemez”. Bu nakyl göni manysynda gelip, işlemeseň, gara deriňi saçyp, zähmet çekmeseň iýmäge höregiň bolmajagyny aňladýar. Diýmek, bütin ýaşaýşyň gözbaşy zähmet bilen başlanýar. Islendik üstünlige ýetmek irginsiz zähmeti talap edýär. Şonuň üçin her bir çaga zähmeti söýmegi, zähmet çekmegi öwretmek biz — ene-atalaryň, mugallymlaryň paýyna düşýär. Ýaşlara zähmet çekeniňde hökman ýaşaýşyň özgerýänini, gülleýänini öwretmeli, düşündirmeli. Diňe bir parasatly ýaşululardan galan nakyllar däl, eýsem, ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinden setirler we jümleler hem edil nakyl ýaly bolup galypdyr. Dünýäniň akyldary, hezreti Magtymguly Pyragynyň “Har eýlär” diýen şygrynda şeýle setirler bar: Az iýip, az ukla, ýene az sözle, Köp söz seni il içinde har eýlär. Şeýle diýmek bilen Magtymguly atamyz köp iýmegiň, köp uklamagyň saglygyňy ýitirmeklige, wagtyňy biperwaý geçirmeklige, köp sözlemegiň bolsa iliň içinde mertebäňi peseltjek ýagdaýa eltjekdigi barada gysgadan, jaýdar belläpdir. Halkyň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynda-da nakyla, aýtga öwrülip giden setirler köp: Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk, Şoň üçinem geçdik ine şunça ýol... Göräýmäge, bu mysal ýönekeý bir şygyr setiri, ýöne manysy welin ýönekeý däl. Çuň, ýüregiňe jaýdar setirler. Biz — ynsanlaryň dünýä gelmegimiziň özi bir şatlyk, özi bir bagt. Her bir ynsan dünýä gelende, gör, näçe adama şatlyk paýlaýar. Ussat hem şu giň manyny gysga setirde ýatdan çykmaz ýaly edip ýazypdyr. Şeýle nakyla öwrülip, adamlaryň kalbynda ýaşaýan jümleler häzirki döwrümizde-de döremegini, terbiýe bermegini dowam edip dur. Balkanly ussat şahyr Didarberdi Allaberdiýewiň şygyrlarynda şeýle setirler bar: Nan aglarmyş, işlemedik iýende, Don aglarmyş gazanmadyk geýende... Bular goşgy setirleri bolsa-da, edil nakyl ýaly ýazylypdyr. Şu setirleri özüm, köplenç, edebiýat sapaklarynda ulanýaryn. Okuwçylaryň zähmet terbiýesini kämilleşdirmekde, ata-enäniň çagalary üçin çekýän irginsiz zähmetine hormat goýmagy öwredemde şeýle setirleri giňden peýdalanýaryn. Didarberdi şahyryň edil nakyl ýaly bolup aňyňda galýan, çaga terbiýesinde, asyl-ha, ynsan terbiýesinde ähmiýetli setirleri örän köp. Ýene bir ussat halypam Muhammetberdi Annageldiýewiň edil nakyl ýaly ýadyňda galýan setirleriniň bardygyny ýatlasym gelýär. Halypanyň “Syntgylanan setirleri” durşuna şeýle jümlelerden ybarat. Şeýle ussatlaryň biziň ilimizde ýaşandyklary, ýaşaýandyklary geljekki nesillerimiz üçin örän uly bagt. Sebäbi, biz şolaryň paýhas mekdebinde ýaşamagy öwrenýäris, öwredýäris! Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, işlemäge, döretmäge milli mirasymyzy öwrenmäge, kämilleşmäge mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun! Tutýan tutumly işleri has-da rowaçlansyn! Sülgün GURBANOWA.

13
13 20.08.2026
ÝYLDYZLARYŇ ASTYNDA (Aýdym)

Uzaklarda Gün ýaşýar, Yşkyňdan kalbym joşýar: Näzlim, saňa garaşýan, Ýyldyzlaryň astynda. Maral husnuň ýadymda, Mährim doýmaz adyňdan. Köýýän hijran oduňdan, Ýyldyzlaryň astynda. Şirin dil, şirin dahan, Ilde tapylmaz bahaň. Uka gidýär giň jahan, Ýyldyzlaryň astynda. Gulak salyp diňe men, Ýol boýunda heňe men, Garaşýaryn saňa men, Ýyldyzlaryň astynda. Söýgülim-söwer ýarym, Solmaz gülüm, gülzarym, Sensiz ýetmez kararym, Ýyldyzlaryň astynda. Wada wagty bolynça, Aý asmana galynça, Garaşaryn gelinçäň, Ýyldyzlaryň astynda. Anna KOWUSOW.

14
14 19.08.2026
Dal bedew ýigidi ýetir myrada

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýip, yglan etmek hakyndaky Kararynda bellenilişi ýaly: “Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr”. Şeýle bolansoň, halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biri bolan behişti bedewlerimiz edebiýatymyzyň ähli döwürlerinde-de şahyrlarymyzyň, çeper söz ussatlarymyzyň ylham çeşmesine öwrülipdir. Olaryň şu aşakdaky setirlerine-de bedewlerimize bolan çäksiz söýgüsi siňendir. At gazanar goç ýigidiň, Owal bedew aty gerek. Gelene garşy çykmaga, Ýagşy muhabbeti gerek. Magtymguly PYRAGY. *** Eý ýaranlar, halaýyklar, At wepadary ýigidiň. Geýip çyksa demir donlar, Artar hünäri ýigidiň. Annagylyç MÄTÄJI. *** Bedew münen hassa bolsa sag olur, Çeşmi hyra bolur, keýpi çag olur, Köňli hup açylan täze bag olur, Gunça gülüstandyr üsti bedewiň. Seýitnazar SEÝDI. *** Elim ýetse, gelsem hötde, Höwesim köp ýüwrük atda. Baýly şahyr. *** Ýüreklere ýakyn, gözlere ýyly, Sypamaz sagryňy del kişiň eli, Şöhradyň — perzendi, namysyň — guly, Ýeri, nädip, saňa “haýwan” diýeýin! Berdinazar HUDAÝNAZAROW. *** Gözüňe söwdügim şeýle bir bedew: Alkymy daglaryň alkymy ýaly. Ýakymy bägülüň ýakymy ýaly, Ýallary hüýr gyzlaň çokuly ýaly, Guýrugy maýsanyň tolkuny ýaly, Akyly dananyň akyly ýaly. Kerim GURBANNEPESOW. *** Jeren kimin oýnap dört ýana bakýan, Mertler bilen azat zähmetler çekýän, Ýüwrükligne ýeller togaba çökýän, Bedewler kişňeýär biziň illerde. Rahmet SEÝIDOW. Taýýarlan Annamyrat BERDIMYRADOW.

13
13 19.08.2026
ÖWEÝ (Bolan waka)

Çölde ony tapanymyzda gözem açylman eken. Töwereginde motosikliň yzyndan başga yz ýok. Goňşy sürä, gelen-geçenlere aýdyşdyrdyk, soran-idän bolmady. Ýaman ýeri, güjükleri aý ýarymlyk Açylmazam ony almady. Ol uzynly gije çyňsap bizar edýär. “Bar öweýiňe özüň göz bol” diýýän çopanyň igenjine çydaman, güjüjege elden süýt bermeli boldy. Janawar ulalýança gijelerine oýlugyma girip, görgi görkezdi. Ulalansoňam, näme üçindir, goşdaky itler ony arasyna almady. Garaz, ýekirilip, dalanylyp, dişlenilip ers-mers bolan Öweý üýtgeşik äpet it bolup ýetişdi. Güjükliginden dalanan it gorkak bolaýjak ýaly. Ýok, ol gaýta garadangaýtmaz boldy. Garpyşanda dagy garşydaşyny şeýle bir gazap bilen çeýneýär welin, ary köýen ýaly. Güýz gyrkymynda goşdaş bolan goňşy sürüniň bir ganjygyny gabanyp, men diýen itlerem ulukjyn açdyran Öweý üç günläp ýitirim boldy. Köne çygyra dolanan günümiz ýanaw: “Itimiz köpeldi, iliň it-ä ýala geleniň yzyna düşüp gidýär. Öweý welin gabanýanyny öňüne salyp geläýipdir” diýip, ýaňsy bilen buşlady. Mydama ýaňsylanýan, kemsidilýän Öweý gurt garpyşyklarynda batyrgaý uruşganlygy bilen abraý alyp ugrady. Uzyn-uzyn gyş gijeleriniň birinde bizi itleriň gazaply gabyrdysy örüzdi. Kim taýaga, kim otly kesindä ýapyşyp, ýiti şöhleli elçyramyz biien süriniň daşyna aýlandyk. «Wah, tüpeňiň gerek ýeri-dä» diýip, arman çekýän çopan barymyzdan beter çarp urdy. Biz üçin gurt garpyşygy alty-ýedi sagada çeken ýalydy. Emma möjekler bir sagada ýetirmän geregini edinipdirler. Goýnuň guýrugyny dagy pyçak bilen aýyrmak görgüdir welin, olar on-on iki guýrugy ýüzugra “arassalapdyrlar”. Jahan ýagtylansoň itleri melhemläp guýruk gapdyrdyk. Ýeňil-ýelpaý ýaralanan itler “müýnürgeşip” ýatyr. Öweý welin, ýok. “Aý, ol indem ene möjegi öňüne salyp geler-le” diýýän ýanawyň iňirdisine çydaman, Öweýiň gözlegine çykdym. Käýerde daman ganyň yzy meni söweş bolan ýere getirdi. Janawar ene möjeg-ä bir alypdyr welin, mähnet gälebaşyňam bokurdagyny ölensoňam agzyndan sypdyrmandyr. Güpbime dolap, başujyna jür agaç dikip jaýladym... ... Baharda maldarlaryň maslahatynda, goňşy obanyň guýusynda Öweýiň ekiztaýy ýaly iti görüp, tisginip gitdim. Ýanymdaky çopan «Onuň taýy gözi açylmadyk güjükkä ýitdi. Ýortmanka otuz goýna çalşylýan ol it, öýkelekden gyzma, gabanjaňdan wepaly, garadangaýtmaz batyr, ölse-de agyz uran ýerini goparman goýmaýan Ahmyrlynyň nesli» diýdi welin, Öweý ýadyma düşüp, hormatyna heýkel dikeldilýän itlermize guwanjym artyp gitdi. Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.

12
12 18.08.2026
Saglyk barada aýdylanlar

Saglyk bolmasa pähimlilik dymýar, sungat gülläp bilmeýär, kuwwatlylyk ýalkym saçmaýar, baýlyk peýdasyz, parasatlylyk güýçsüz bolýar. GERODOT. *** Beden maşklary lukmançylygyň şypa beriji bölegidir. PLATON. *** Sagdyn wagtyň ylgamasaň, syrkawlaňsoň ylgamaly bolarsyň. GORASIÝ. *** Beden maşklary köp dürli dermanlaryň ornuny tutup biler, emma dünýädäki hiç bir derman beden maşklarynyň ornuny tutup bilmez. Anjelo MOSSO. *** Saglyk diňe bir güýjüňi, wagtyňy, zähmetiňi däl, eýsem, durmuşyň bir bölegini sarp etmeklige mynasyp bolan ýeke-täk baýlykdyr. Mişel de MONTEN. *** Ruhy berkligiňi goramak üçin beden berkligiňi saklamak gerek. Wiktor GÝUGO. *** Lukmanlar keseli bejerýär, saglygy bolsa özüň gazanmaly. Nikolaý AMOSOW.

27
27 17.08.2026
ÄHLIHALK ÇÄRESINIŇ ÄHMIÝETI

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýollarymyzyň ak, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen möhüm meselä uly üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygam doly şaýatlyk edýär. Köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyna uly üns berilmeginiň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki, köçe-ýollarda ulag serişdeleriniň mukdary köpelip, gatnaw ýokarlandy. Şonuň üçinem ýurdumyz boýunça bu barada degerli işler uly ähmiýete eýe bolýar. Çäräniň barşynda ilatyň arasynda, aýratynam, bilim edaralarynda düşündiriş çärelerine üns berip, maşgalalarymyzyň abadanlygynyň özümize baglydygy wagyz-nesihat ediler. Toýly BABAÝEW.

30
30 17.08.2026
Ruhubelentlik ýeňşe ýetirýär

Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän sport syýasaty ýeňişlere beslenip, onuň ähmiýeti halkymyzyň saglygyny berkitmekde hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagynda jemlenýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler bar. Guwançly ýeri bolsa, şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaş türgenleriň sanynyň ýylsaýyn artmagydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen sporty ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri ýokarda ýatlanymyza doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiziň sport babatda öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram bütin dünýäde goldaw tapyp, uly gyzyklanma döredýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara sport abraýy arşa çykýar. Şeýle bähbitli işlere goşantly bolmagyň ýörelgesine eýerýän sport mekdebimiziň tälimçileri türgenlere tälim bermekde ähli tagallalary edýärler. Mekdebimizde türgenleriň onlarçasynyň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaklaryna ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan ezber türgenlerimiz dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Aýratynam, erkin göreş boýunça türgenleşip, diňe bir etrap derejesindäki ýaryşlarda däl, eýsem, welaýatda birinjiligi almak ugrundaky bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýän türgenlerimiz biziň guwanjymyz. Olardan Kaýyl Baýramgeldiýew, Döwletgeldi Ahmedow, Kemal Kerimow, Ýunus Orazow welaýat derejesinde erkin göreş boýunça geçirilýän ýaryşlarda öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Şu günler türgenlerimiz öňde durýan has jogapkärli ýaryşlara ykjam taýýarlyk görýärler. Abdyresul NEPESOW.

14
14 16.08.2026
Baky bagtyň ak ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabynda: «Garaşsyz döwlet bolmak arzuwy ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşady» diýip belleýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly Türkmeniň — — diýen dürdäne setirleri bu gün türkmeniň belentliklere göterilen ykbaly bolup ýaňlanýar. Garaşsyzlyk — döwlet berkararlygymyzyň binýadynyň berkden tutulmagyna badalga berýän uly güýçdür. Mukaddes Garaşsyzlygymyz müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, belent ynsanperwer däplerimizi gaýtadan dikeltmäge şert döretdi. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyga, rowaçlyklara beslenýän Türkmenistan döwletimiz parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik hem-de içeri we daşary syýasatyň durnukly ösüş ýörelgelerine berk eýerýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň mizemezliginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan halkara derejesinde öz mynasyp ornuny eýelemek bilen, dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeldip, oňyn başlangyçlary öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraýa we hormata eýe bolýar. Ýurdumyzyň çäginde medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk täze many-mazmuna, kämil garaýşa, milli buýsanja, watançylyk söýgüsine eýe boldy. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ruhuna, gadymy däp-dessurlaryna, milli ýol-ýörelgelerine dolanan agzybir halkymyz şanly geçmişiniň, buýsançly taryhynyň bardygyna göz ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz: “Garaşsyzlyk — ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr» diýip örän jaýdar belleýär. Garaşsyzlyk baýramy binýady berkden tutulan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň baş baýramydyr. Adam hakda aladany «Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelge esasynda amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary halkymyzyň has-da aýdyň geljegini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ata Watanymyz we merdana halkymyz üstünlikleriň we rowaçlyklaryň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mundan beýläk-de gülläp össün! Şemşat SENAGULYÝEWA.

27
27 17.08.2026
ÄHLIHALK ÇÄRESINIŇ ÄHMIÝETI

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýollarymyzyň ak, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen möhüm meselä uly üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygam doly şaýatlyk edýär. Köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyna uly üns berilmeginiň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki, köçe-ýollarda ulag serişdeleriniň mukdary köpelip, gatnaw ýokarlandy. Şonuň üçinem ýurdumyz boýunça bu barada degerli işler uly ähmiýete eýe bolýar. Çäräniň barşynda ilatyň arasynda, aýratynam, bilim edaralarynda düşündiriş çärelerine üns berip, maşgalalarymyzyň abadanlygynyň özümize baglydygy wagyz-nesihat ediler. Toýly BABAÝEW.

14
14 16.08.2026
Baky bagtyň ak ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabynda: «Garaşsyz döwlet bolmak arzuwy ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşady» diýip belleýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly Türkmeniň — — diýen dürdäne setirleri bu gün türkmeniň belentliklere göterilen ykbaly bolup ýaňlanýar. Garaşsyzlyk — döwlet berkararlygymyzyň binýadynyň berkden tutulmagyna badalga berýän uly güýçdür. Mukaddes Garaşsyzlygymyz müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, belent ynsanperwer däplerimizi gaýtadan dikeltmäge şert döretdi. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyga, rowaçlyklara beslenýän Türkmenistan döwletimiz parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik hem-de içeri we daşary syýasatyň durnukly ösüş ýörelgelerine berk eýerýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň mizemezliginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan halkara derejesinde öz mynasyp ornuny eýelemek bilen, dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeldip, oňyn başlangyçlary öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraýa we hormata eýe bolýar. Ýurdumyzyň çäginde medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk täze many-mazmuna, kämil garaýşa, milli buýsanja, watançylyk söýgüsine eýe boldy. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ruhuna, gadymy däp-dessurlaryna, milli ýol-ýörelgelerine dolanan agzybir halkymyz şanly geçmişiniň, buýsançly taryhynyň bardygyna göz ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz: “Garaşsyzlyk — ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr» diýip örän jaýdar belleýär. Garaşsyzlyk baýramy binýady berkden tutulan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň baş baýramydyr. Adam hakda aladany «Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelge esasynda amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary halkymyzyň has-da aýdyň geljegini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ata Watanymyz we merdana halkymyz üstünlikleriň we rowaçlyklaryň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mundan beýläk-de gülläp össün! Şemşat SENAGULYÝEWA.

12
12 16.08.2026
Bähbitli wezipeler kesgitlener

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek barada hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny berjaý etmegiň wajyp meselelerine garaldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, şanly ýylymyzyň möhüm wakalary bilen bagly wajyp wezipeleriň üstünde durup geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ýerlerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermelidigini, ilatyň, aýratynam, ýaşlaryň arasynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylmalydygyny nygtady. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi şanly ýylymyzyň möhüm wakasy bolar. Milli Liderimiz çykyşynda bu ählumumy forumda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemleniljekdigine ünsi çekdi hem-de döwrüň talaplaryndan ugur alyp, öňümizde durýan möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähime eýerýän dana halkymyzyň her bir tutumly işiň başyna geňeşip, maslahatlaşyp barmak ýörelgesi ajap eýýamymyzda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi demokratik ýörelgeleriň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolar. Azat BEGLANOW.

30
30 13.08.2026
Halkara hukuk — parahatçylygyň dünýä ölçegi

Golaýda Ýolöten şäher medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda “Halkara hukuk — parahatçylygyň dünýä ölçegi” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahat hemmeler üçin örän täsirli hem gyzykly boldy. Onda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Meretgeldi Annakulyýew, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Orazgeldi Salamatow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda öňe sürýän belent başlangyçlarynyň bütin dünýäde giňden goldanylýandygy, ykrar edilýändigi, ýurdumyz tarapyndan halkara giňişliginde giň gerimli işleriň ýola goýulýandygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ýakynda Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA.

60
60 09.08.2026
Türkmenistanyň Halk maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna

      Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň demokratik  we Agrar partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de Mary welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda ,,Türkmenistanyň Halk maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna” atly maslahat geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen bu maslahatda çykyş edenler  golaýlap gelýän ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we oňa görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçip, bu syýasy möhüm çärede il-ýurt bähbitli garaljak meseleleriň, kabul ediljek çözgütleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de has-da ösdürilmekligine gönükdiriljekligi barada-da aýratyn nygtap bellediler. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly ýurdumyzda agzybirligi, parahatçylygy, jebisligi, asudalygy ündeýän asylly ýörelgelerimize eýermek bilen her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler ýurdumyz we halkymyz üçin örän ähmiýetlidir. Munuň şeýledigine bolsa Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda gazanylýan her bir belent sepgitler aýdyňlygy bilen äşgär edýär.  Bu günki maslahata gatnaşanlar halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.  Merjen Çaryýarowa.

62
62 08.08.2026
Maksatlaaryň agzybirligi we döredijilikli ösüş

    Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we oňa görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyp Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Oguzhan etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirildi. Bu maslahatda edilen çykyşlarda ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda  geçirilmeginiň we onda ýurdumyzda gazanylan belent sepgitlere ser salmak we geljekde döwletimizi gülledip ösdürmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de bu ýerde çykyş edenler watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ýurdumyzyň at-abraýyny belende götermekde, döwletimiziň pajarlap ösmegine goşýan mynasyp goşantlary dogrusynda hem buýsanç bilen belläp geçdiler.  Merjen Çaryýarowa.

61
61 07.08.2026
Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan

Golaýda Murgap etrap häkimliginiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrap medeniýet öýünde “Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan” ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyldy. Duşuşyga etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet öýüniň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Kakajan Täçgulyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Laçyn Rahmanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Aýdursun Annagylyjowa, etrap medeniýet öýüniň işgäri Güljan Nurýagdyýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Akjemal REJEBOWA.

62
62 07.08.2026
Ösüşlerimiziň binýady

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalaryna — Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu möhüm wakalara bagyşlanylan wagyz-nesihat çäreleri barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Golaýda mekdebimizde ýokarda ýatlanan taryhy wakalar mynasybetli “Halk Maslahaty — ösüşlerimiziň möhüm binýady” atly “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa TMÝG-niň etrap geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrabyň bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu çärede TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Sülgün Ataýewa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Öwezmyrat Gylyjow, mugallymlar Orazmyrat Garaýew, Röwşen Gurtlyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornunyň möhüm ähmiýeti, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda kabul edilýän döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Hojadurdy AKYMOW.

32
32 07.08.2026
Taryhy özgertmeleriň gözbaşy

Golaýda etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi we etrap bilim bölümi bilen maslahat geçirdi. Bu maslahatda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly durmuşa geçirilmeli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, ýokarda atlary agzalan guramalaryň we edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Muhammetnazar Täşliýew, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklyka, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolup durýandygy, döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygy, Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere ykrarlydygyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň etdiler. Häzirki wagtda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçdiler. Babajan MUHAMMEDOW.

1971
1971 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1801
1801 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2044
2044 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1981
1981 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1923
1923 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2276
2276 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1756
1756 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2084
2084 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.