Saglyk bolmasa pähimlilik dymýar, sungat gülläp bilmeýär, kuwwatlylyk ýalkym saçmaýar, baýlyk peýdasyz, parasatlylyk güýçsüz bolýar.
GERODOT.
***
Beden maşklary lukmançylygyň şypa beriji bölegidir.
PLATON.
***
Sagdyn wagtyň ylgamasaň, syrkawlaňsoň ylgamaly bolarsyň.
GORASIÝ.
***
Beden maşklary köp dürli dermanlaryň ornuny tutup biler, emma dünýädäki hiç bir derman beden maşklarynyň ornuny tutup bilmez.
Anjelo MOSSO.
***
Saglyk diňe bir güýjüňi, wagtyňy, zähmetiňi däl, eýsem, durmuşyň bir bölegini sarp etmeklige mynasyp bolan ýeke-täk baýlykdyr.
Mişel de MONTEN.
***
Ruhy berkligiňi goramak üçin beden berkligiňi saklamak gerek.
Wiktor GÝUGO.
***
Lukmanlar keseli bejerýär, saglygy bolsa özüň gazanmaly.
Nikolaý AMOSOW.








