Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýollarymyzyň ak, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen möhüm meselä uly üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygam doly şaýatlyk edýär.
Köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyna uly üns berilmeginiň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki, köçe-ýollarda ulag serişdeleriniň mukdary köpelip, gatnaw ýokarlandy. Şonuň üçinem ýurdumyz boýunça bu barada degerli işler uly ähmiýete eýe bolýar. Çäräniň barşynda ilatyň arasynda, aýratynam, bilim edaralarynda düşündiriş çärelerine üns berip, maşgalalarymyzyň abadanlygynyň özümize baglydygy wagyz-nesihat ediler.
Toýly BABAÝEW.








