Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we oňa görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyp Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Oguzhan etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirildi. Bu maslahatda edilen çykyşlarda ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň we onda ýurdumyzda gazanylan belent sepgitlere ser salmak we geljekde döwletimizi gülledip ösdürmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de bu ýerde çykyş edenler watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ýurdumyzyň at-abraýyny belende götermekde, döwletimiziň pajarlap ösmegine goşýan mynasyp goşantlary dogrusynda hem buýsanç bilen belläp geçdiler.
Merjen Çaryýarowa.








