Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalaryna — Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu möhüm wakalara bagyşlanylan wagyz-nesihat çäreleri barha işjeň häsiýete eýe bolýar.
Golaýda mekdebimizde ýokarda ýatlanan taryhy wakalar mynasybetli “Halk Maslahaty — ösüşlerimiziň möhüm binýady” atly “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa TMÝG-niň etrap geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrabyň bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu çärede TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Sülgün Ataýewa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Öwezmyrat Gylyjow, mugallymlar Orazmyrat Garaýew, Röwşen Gurtlyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornunyň möhüm ähmiýeti, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda kabul edilýän döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütler barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Hojadurdy AKYMOW.








