Golaýda Ýolöten şäher medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda “Halkara hukuk — parahatçylygyň dünýä ölçegi” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahat hemmeler üçin örän täsirli hem gyzykly boldy.
Onda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Meretgeldi Annakulyýew, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Orazgeldi Salamatow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda öňe sürýän belent başlangyçlarynyň bütin dünýäde giňden goldanylýandygy, ykrar edilýändigi, ýurdumyz tarapyndan halkara giňişliginde giň gerimli işleriň ýola goýulýandygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ýakynda Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA.








