Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek barada hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny berjaý etmegiň wajyp meselelerine garaldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, şanly ýylymyzyň möhüm wakalary bilen bagly wajyp wezipeleriň üstünde durup geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ýerlerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermelidigini, ilatyň, aýratynam, ýaşlaryň arasynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylmalydygyny nygtady.
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi şanly ýylymyzyň möhüm wakasy bolar. Milli Liderimiz çykyşynda bu ählumumy forumda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemleniljekdigine ünsi çekdi hem-de döwrüň talaplaryndan ugur alyp, öňümizde durýan möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
“Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähime eýerýän dana halkymyzyň her bir tutumly işiň başyna geňeşip, maslahatlaşyp barmak ýörelgesi ajap eýýamymyzda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi demokratik ýörelgeleriň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolar.
Azat BEGLANOW.








