Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň demokratik we Agrar partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de Mary welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda ,,Türkmenistanyň Halk maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna” atly maslahat geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen bu maslahatda çykyş edenler golaýlap gelýän ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we oňa görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçip, bu syýasy möhüm çärede il-ýurt bähbitli garaljak meseleleriň, kabul ediljek çözgütleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de has-da ösdürilmekligine gönükdiriljekligi barada-da aýratyn nygtap bellediler. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly ýurdumyzda agzybirligi, parahatçylygy, jebisligi, asudalygy ündeýän asylly ýörelgelerimize eýermek bilen her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler ýurdumyz we halkymyz üçin örän ähmiýetlidir. Munuň şeýledigine bolsa Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda gazanylýan her bir belent sepgitler aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Bu günki maslahata gatnaşanlar halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merjen Çaryýarowa.








