Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluna eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda ýaşlar, aýratyn-da, körpeje nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Olaryň döwrebap bilim, terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýänleriň biri-de Baýramaly şäherindäki 19-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Sonagül Annamuhammedowadyr.
Sonagül Annamuhammedowa bu ugurda döredijilikli zähmet çekip, körpe nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli bolmagy üçin yhlasyny gaýgyranok. Çagalaryň harplary tanamagy, ýazmagy, sanlary sanap bilmegi, surat çekmegi, goşgudyr aýdymlary ýat tutmagy terbiýeçiniň irginsiz zähmetiniň miwesidir. Kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan S.Annamuhammedowa köpleriň alkyşyna, öwgüsine mynasyp bolýar.








