Goňşym — gadyrdanym
Obada ýaşaýan iki goňşy gelin goh bilen başagaý bolup duruşlaryna, özleriniň ýanlaryna gaýyneneleriniň geleninem duýmadylar. Gelinler gaýynlary gelensoň ýuwaşasalar-da, biri-birine ahmyrly seredişýärdiler.
Iki gelniňem gaýyny bulara mylaýymlyk bilen igendi. Aralarynda näme bolandygyny, näme üçin dawalaşýandyklaryny, paýlaşyp bilmeýän zatlarynyň nämedigini soradylar-da, sähel zat üçin şeýdip durmagyň uslyp däldigini aýdyp:
— Hi, goňşy bilenem dawalaşyp, durarlarmy? Haý, sizem-ä, köki çeşmä ýetmişler — diýip, ýakymly käýindiler. Gelinleriň birine çaý demläp getirmegi, beýlekisine çilaradaky güjümiň kölegesine düşek atmagy tabşyrdylar. Hersi öz gelnini ýanynda oturdyp, çaý başynyň gürrüňine geçdiler. Derçiräp çaý içip başlaýyşlaryna gaýynlaryň ýaşy uluragy:
— Goňşy, senem eşidensiň, bilýänsiň. Biziň ýaşlyk ýyllarymyzdan has öňräk durmuşyň nähili agyr, horluk bilen geçendigini. Maňa-da muny ejem pahyr gürrüň beripdi — diýdi-de, derçirän ýüzüni eliniň aýasy bilen sylyp, gürrüňe başlady:
— Ol döwürlerde “Nan — atly, adamlar — pyýada” diýilýän zamanada ýaşalypdyr. Zähmet gurallary ýönekeý bolansoň, adamlar kyn şertlerde işläpdirler. Adamkärçilik, birek-birege hormat goýmak, sylanyşyklylyk, ynsanperwerlik welin, örän belentde bolupdyr. Goňşular gowy gatnaşyk edipdirler.
Şükür, häzirki döwürde ähli zat eliň aşagynda. Bolçulyk. Bazarlarymyzdan, dükanlarymyzdan islän harydyň tapylyp durandygyny aýtjakmy, tebigy gazy, elektrik toguny isledigiňçe ulanyp bolýandygyny aýtjakmy... Garaz, sanasaň sanap oturmaly. Şular ýaly ajaýyp zamanada ýaşaýandygyňa şükür edip, goňşy bilen süýji gatnaşykda bolnaýmaly ýaly welin, biziň gelinlerimiz ýaly ýek-ýarym goňşy bilen oňuşmaýanlar hem tapylaýýar-da. Göwnüme bolmasa, ýaş goňşularyň arasynda goňşokara gatnaşygy hem peselen ýaly.
Ejemiň: “Ýarawsyzlyk tapynyp, birki aý yra-dararak gezenimde, goňşularym öýüň biş-düş, syr-süpür, tamdyra nan ýapmak işleriniň ählisini maňa ýetirmän özleri edipdiler. Hatda mallarymyza çenli seredişipdiler” diýip gürrüň bereni ýadymda” diýenine mähetdel, gaýynlaryň beýlekisi gürrüňe goşuldy:
— Geçmişde türkmeniň toýunda-märekesinde uzak ýerden gelen myhmanlaryň rahat dynç almaklary üçin, goňşular olary öýlerine äkidip, hezzet-hormat edipdirler. Bu däp-dessur häli-häzirem dowam edýär. Sizem şu gürrüňlerden netije çykaryň! — diýip sözüni soňlady.
Gelinler ýüzlerini aşak salyp, bir zatlaryň gürrüňini edip otyrdylar. Bularyň gürrüňi indiden beýläk goňşy bolup agzybir ýaşaşmak, günortanlyk naharyna dograma taýýarlap, goňşular bolup degşip-gülşüp naharlanmak baradady...
Şu wakany ýatlanymda goňşy gatnaşyklary baradaky aşakdaky setirler kalbyma doldy:
Gowy goňşy kyn günüňde penaňdyr,
Öý-ojagňa, töweregňe galaňdyr,
Içiň-daşyň, maşgalaňa söýäňdir,
Sen oňa ýaz bolsaň, ol seň güýzüňdir.
Goňşyň bilen agzybir bol, käýişme,
Maslahat sal, her tutumda, her işde,
Tötänlikde birden sözüň azaşsa,
Ötünç sora, belki, sebäp özüňdir.
Iliň, dogan, garyndaşyň jebisläp,
Toýa başlanyňda arzuwlap, besläp,
Ilki bilen goňşa aýtgyn höwesläp,
Ol seniň alawyň hem-de közüňdir.
Gybatdan daşda bol goňşy barada,
Goňşy okarany gatnat arada,
Goňşyň senden bir maslahat sorasa,
Goldaw berjek seniň jaýdar sözüňdir.
Goňşyň begenende senem begengin,
Mertebesin belent tutgun, guwangyn,
Goňşyň ynam-ynanjyny gazangyn,
Sen gaş bolsaň, goňşyň seniň gözüňdir.
Hydyrguly GURBANOW.