Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolup geçýän özgertmeler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň täze döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalaryna laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 28-nji iýunynda geçirilen dokuzynjy maslahatynda dürli ugurlara degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.
Maslahatda deputatlar ilki bilen «Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksine haýyr-sahawat işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýan babyň we başga-da birnäçe üýtgetmeleriň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kodeksde ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeler berildi we olaryň mazmuny doly açylyp görkezildi. Şonuň ýaly-da, Kodeksiň bölümleriniň we baplarynyň belgileri, maddalarynyň gurluşy «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda görkezildi hem-de Kodeksiň hereket edýän kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasy hereket edýän kanunlar bilen sazlaşykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýle hem maslahatda başga-da birnäçe kanun taslamalaryna garaldy we kabul edildi.
Türkmenistanda amal edilýän her bir iş döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu işleriň özeninde bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi durandyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.
Orazdurdy ABDYÝEW.