Bir gezek Jelaleddin Rumy öz şägirtlerini bir daýhanyň birnäçe aýlap guýy gazmak üçin synanyşan meýdanyna getiripdir. Şägirtleriniň kän ol ýere gidesleri gelmändir. Halypa hemme aýtjak zatlaryny şu ýerde hem aýdyp bilerdi. Ýöne Rumy öz diýeninde durupdyr:
— Ýörüň meniň bilen, bolmasa, siz meniň näme aýtjak bolýanyma düşünmersiňiz.
Gelip görseler, daýhan bir ýerden gazyp başlap, soňra bäş-on ädim süýşüp, täzeden gazyp başlapdyr. Ol ýerden suw tapman, ýene täze ýeri köwüp başlapdyr. Ol eýýäm sekiz çukur gazyp, dokuzynja geçipdir. Şeýdip ol tutuş meýdany gazym-gazym edipdir.
Rumy öz şägirtlerine aýdypdyr:
— Bu daýhana meňzejek bolmaň! Eger-de, ol bar güýjüni bir guýy gazmaga sarp eden bolsady, onda näçe çuňda bolsa-da bireýýäm suw tapardy. Ol özüniň bar gujuryny biderek sarp edipdir.
Rus dilinden terjime eden
Göwher AKMAMEDOWA.